https://turkmensport.com/articles/taryhy-garsydaslar-wajyp-oyunda-1/w0l6REQWmBBibao.jpg

Şu gün Russiýanyň Premýer ligasynda 8-nji tapgyryň esasy merkezi oýny oýnalar. Bu, diňe bir tapgyryň merkezi oýny bolman, eýsem möwsümiň hem iň bir gyzykly, wajyp duşuşyklarynyň biridir.

RPL-de uly sabyrsyzlyk bilen garaşylýan merkezi oýun Moskwanyň meşhur “Spartak” topary bilen “Zenitiň” arasynda geçiriler. Oýun şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da, “Spartagyň” täze stadionynda oýnalar. Bu oýuna göni ýaýlymda, “Match TV” teleýaýlymy arkaly tomaşa edip bolar.

Toparlar möwsüme şowly başladylar. Olar öňdäki, 1-2-nji orunlarda ýerleşýärler. “Zenit” çempionatda 7 oýundan soň 1-nji orunda barýar. “Spartak” bolsa 2-nji orunda ýerleşip, toparlaryň arasynda 1 utuklyk tapawut bar.

Bu günki oýunda ýer eýesi “Spartak” - çempionatda iň köp gol geçiren topardyr. Häzirlikçe, 7 oýundan soň Moskwanyň meşhur topary 18 gol geçirdi. “Spartagyň” düzüminde, esasanam gollandiýaly hüjümçi Kwinsi Promes aýratyn, netijeli tapawutlanýar. Ol liganyň iň netijeli oýunçylarynyň biridir. Bu oýunda-da Promesiň netijeli tapawutlanyp bilmegi ähtimal. Öz meýdançasynda “Spartak” hüjümde aýratyn tapawutlanyp, bu möwsümde netijeli oýunlary geçirýär.

Ýakynda, transfer penjiresinde “Spartak” düzümine täze hüjümçi Keýta Baldeni hem goşdy. Bu oýunçy “Barselonanyň” uçurymydyr. Balde täze toparyny güýçlendirip biler. Ezber hüjümçi “Lasio” we “Monako” ýaly toparlarda hem çykyş etdi.

“Zenitiň” bu möwsümde adaty bolmadyk uly artykmaçlygy bardyr. Topar derwezesinden az gol geçirtýär. Ýöne olar hüjümi hem unudanok. Sergeý Semagyň şägirtleri RPL-de 17 gol geçirmegiň hötdesinden geldiler.

“Spartaga” görä, “Zenitiň” düzümi has gowy sazlaşykly hem-de ýokary derejeli oýunçylardan düzülen. Esasan-da, toparyň düzümindäki braziliýaly oýunçylar gerekli netijäni gazanmaga uly ýardam edýärler. Olar meýdançada ýeterlik derejede artykmaçlyk görkezmegi başarýarlar.

Bu oýunda tälimçileriň haýsy futbolçylary esasy düzümde çykarjaklygy hem gyzykly bolsa gerek?! Oýun dartgynly, çekeleşikli ýagdaýda geçer.

Duşuşyk uly mana eýe bolup, utan topar çempionaty ilkinji orunda dowam etdirer.

Toparlaryň düzüminde uly ýitgi ýok. Diýmek, oýuna iki tarapdanam esasy düzümiň oýunçylary çykar. Bu - tälimçiler üçin gowy habar. Muňa garamazdan, iki topar hem seresaplyk bilen oýny alyp bararlar.

Çaklanylýan maglumat:

Oýunda 3 goldan kän geçirilmez;

Hasap 1:1, 1:2 ýa-da 2:1 bolar;

Iki topar hem tapawutlanmagy başarar;

Uly ähtimallyk bilen, 11 metrlik jerime urgusy hem bolup biler;

Oýunda görkezilen sary kartlaryň 5-e ýetmegi ähtimal;

Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolup, burçdan urlan urgularyň sany 10-a ýeter we kelle urgusy bilen, haýsy bolsa-da bir topar tapawutlanyp biler.