https://turkmensport.com/articles/sazyn-gutaryan-yerinde/xqVqqNlpnW6cWlH.jpg

Sözüň gutaran ýerinde goşgy başlaýar, goşgyň gutaran ýerinde saz diýlen düşünje bar, men bolsa  sazyň gutaran ýerinde-de futbol başlaýar diýip goşasym gelýär.

  Milli ýygyndynyň oýunlaryndaky gimn aýdylyp bolandan soňky pursatlary göz öňüne getiren okyjylar bilen bilelikde söhbedimizi dowam edeli.

…Dogry boks jeňleri hakyky gladiatorlar söweşini ýatladýar, oňa hä diýýärin. Hokkeýiň sowuk meýdançasyndaky gyzgyn göreşler mawy ekranyň aňyrsyndakylaram dik duruzmagy başarýar, onuň bilenem ylalaşýaryn, tennisdäki adalatly göreşe, küşdüň pelsepesine we bulardan başga hemme sport görnüşine, men eger çynym telpek goýýaryn, emma futbol barybir başga oýun we futboluň derejesi millionlary biparh goýmaýandygyna dogry düşüniň. Geliň, bu gün futboluň şu derejä gelmegine, ýagny, sazdan soňky sungat derejesinde ýokary galmagyna ýardam  eden esasy dört adam hakynda  gürrüň edeliň.

Pele- braziliýaly ajaýyp ussat, ýöne ýere futbol şasy diýlip ykrar edilenok, onuň beýik tarapy futboly beýgeldip başarmagy. "Iňlisleriň ýurdunda doglan futbol, Latyn Amerikasynda ýaşlygyny geçirdi" diýen düşünjäniň döremegine sebäp bolan adam. Boksda Muhammet Aly nä derejede ähmiýete eýe bolan bolsa Pele hem futbolda şol işi, belki-de ondanam ulurak iş etdi. Pele futbol oýnap, dünýä tanalyp bolýandygyny ilkinji açyş eden adam. Şahsyýet näçe beýik bolsa, ony düşündirmek üçin azajyk söz ýetik bolýar..

Maradona- şahyr Baýram Jütdiýewde  "Gara batyrlary döwür dogurar" diýip setir bar. Maradona arassa öz döwrüň önümi, Peleden soň kimdir biri gerekdi we Diego Armando Maradona bolup çykdy. Onuň döwri başga. Ol özünden öňki Peläniň bardygyny bilýär, futbol şasynyň öz oýunlaryny synlaýanyndan habary bar, belki şonuň üçindir, ýaşyl meýdanda we onuň daşynda azda-kände läliksiremäge özüniň azajyk haky bar hasap edýär. Muhammet Alydan soňky  Maýk Taýsony ýatladýan bu ýagdaý Maradonany meşhurlyga galdyrdy. Dawaçyllygy, jedelleri alýan sarydyr-gyzyl kartlary we meýdandaky gaýtalanmajak hereketleri bilen şolaryň hemmesini birleşdiren şahsyýet boldy. Maradonanyň esasy aýratynlygy, ýagny Peleden tapawutlylykda ol ýyldyzlaryň arasyndan ýyldyz bolup saýlandy, onuň oýnaýan döwründe dünýä tanalýan kändi (1986-njy ýyldaky mundial, iň köp ýyldyzly mundial hasaplanýar) Maradona taryhyň beýik bäsdeşligini sözsüz ýeňiş bilen tamamlan şahsyýet.

Messi- indi boldy, Peleden, Maradonadan soň beýik futbolçy döremez diýenler gaty howlugypdyrlar. Latyn Amerikasynda doglan ýene bir ýigit  peýda boldy-da , ýokarky pikirleriň ýalňyşdygyny subut edip berdi . Futbol bilermenleri we žurnalistler bu ýigide näme at tapjagyny bilmediler, futbolyň şasy bar,  gany gyzgyn söweşjeň serkerdesi bar, bu ýigide näme diýip bolar. Oýlanyp-oýlanyp ahyry "özge planetaly" diýip at berdiler.  Hakykatdanam, Messi hakdan berlen diýilýänlerinden. Onuň futboldaky hereketlerini synlap, ajaýyp tans eserine meňzedýänlerem az däl. Onuň gazanan baýraklary we "Barselonadaky" ähmiýeti hakynda gürrüň edip oturasy iş ýok, emma milli ýygyndyda onuňky çüwmedi, ýagny öz derejesine görä çüwmedi. Onuň milli ýygyndydaky iň ýokary derejesi, şol Maradonanyň boýnuna dakmaga namys edip aglap duran kümüş medalyna baryp direýär. Ýöne Messili döwür başga, bu döwür klublaryň arasyndaky göreşleriň mundial derejesine çenli golaýlaberen döwrüni öz içine alýar. Häzirki wagtdaky Ýewropa çempionlar ligasynda dört ýyl üstünlikli çykyş eden futbolçy, dört ýyldan bir gezek geçirilýän mundiala görä köpräk meşhurlyk gazanýar. Futbol diýip atlandyrylýan pelsepewi sungat Peleli, Maradonaly döwürden geçip gelip, Messili döwürde şular ýaly görnüşe eýe boldy. Golliwudyň men-men diýen kinolaryndanam köp tomaşaçyny özüne çekip bilýän ýewropa derbileri we "El klassiko" peýda bolup başlady. Bu tebigatyň kanuny elbetde, hut şonuň üçinem ýokarky ikisinden soňra peýda bolan üçünji adyň yzynda "dünýä çempiony" ýa-da bolmasa "yklym çempiony" diýen ada  duşmasaňyz geň galyp oturmaň, hat-da Messi diýilýän ýigit haýsydyr bir topar bilen öz doglan ýurdunyňam çempiony bolup görmedi, ýöne barybir onuň orny bir başga, ol barybir beýik futbolçy. Bu ullakan goja dünýä oňa kubok bermedi, ýöne ol dünýäniň özüne ullakan şüweleň-şowhun bagyş etdi. "Messini beýgeldýän zatlar onuň alan däl-de, alyp bilmedik baýraklary" diýip, birwatlar  internet sahypamda ýazypdym, ylalaşmaýanlar bolup biler, her kimiň öz pikiri bar, men welin Messä baýrak hökman däl diýesim gelýär, sebäbi onuň özi baýrak, dünýä futbol janköýerlerine hakdan berlen baýrak, futbola berlen baýrak. Ýokarky iki ägirt ynsan futbola gelip baýraklara eýe bolan bolsa, Messi futbola gelip, dünýä janköýerleri baýrak gazandy, futbol gazandy. Bu günki futboluň gözi bilen Messini analiz etmegiň hajaty ýok, diňe ony söýmeli we guwanmaly. Messi faktory hakynda oýlansam Ezizowyň setirleri ýadyma düşýär:

..Söýüň meni siziň sadyk guluňyz,

Soňra menden size galar şeýle paý,

Men size bahasyz serpaý ederin-

Şalaryň elinden gelmejek serpaý.

Ronaldo- ýokarkylardan tapawutlylykda, Ýewropada doglan we esasy bäsdeşi Messiden tapawutlylykda, ol öz yklymynyň çempiony bolup gören.  Soňky on ýyllygyň esasy bäsdeşligi Kriş-Leo jübüti diýsem täzelik aýtdygym däl. Iki futbolçy hakdaky pikirleriň esasy  direýän ýeri Messi hakdan berlen, Ronaldo bolsa ýokary derejedäki türgenleşigiň önümi diýlen netije. Menem şu pikire goşulýan. Ýöne Kriş özüniň ýokary forma eýe futbolçydygyny üç sany läheň ligada çykyş edip, subut bilen görkezdi. Üç hili beýik toparda özüniň nämeleri başarýandygyny subut etdi. Angliýadan ispan paýtagtyna ýol alan wagty onuň geljegine şübhe bilen seredenler az däldi. Sebäbi ol tehnikanyň ussady, olar ýaly futbolçy toparyň taktikasy üýtgese-de kösenç çekýär. Ýok, tersine, oňa Madridde ajaýyp geljek garaşýan ekeni. Bärik gelip, ol özüniň esasy bäsdeşi Messi bilen deňeşdirilmäge gowy mümkinçilige eýe boldy.  Bu barada utdy-utuldy jedeller bilen men kän gyzyklanamok, haýsydyr bir babatda Messi, ýene bir babatda hem Kriş ýeňiji bolup biler, emma şu iki futbolçy döwrebap futboluň rowaçlanmasyna bilelikde-de, aýratynlykda hem ullakan goşant goşdular. Bu eýýam döwrüň talabyna görä ajaýyp netijedi. Ronaldo şol ýagdaýlardan aman sag geçip, millionlary öz yzyna tirkäp, Ispaniýadan Italiýa göçüp geldi. Onuň futboldaky orny dörtlüge aňyrýany bilen mynasyp. Çünki biz Messiniň oýunlaryndan lezzetlenip, özümizi ullakan teatryň zalyndaky tomaşaçy hasap edip oturan wagtymyz, Kriş ajaýyp gollary bilen, biziň stadionda oturandygymyzy ýatladyp durýan şahsyýet bolup çykyş etdi. Leo futboluň sungat eseridigini açyp görkezen bolsa, Kriş şol sungat eseriň futbol diýip atlandyrylýandygyny nygtap gökezdi. Has çugdamlaýyn, Messi ýaşyl meýdana gözellik çaýan bolsa, Kriş şol gözelligi ajaýyp netije bilen baglaşdyryp berdi.  Kärdeşlerim döredijilik adamlar bilen söhbetde, köplenç belli bir soragy ulanýarlar: "Döredijilik adamsyna has köp zehin gerekmi ýa zähmet" diýen ýaly. Ýokarky iki ýigit şol soraga gowy jogap bolup bilen ýigitler. Dörediji adama Ronoldonyňky ýaly türgenleşik, Messiňki ýaly hakdan eçilen zehin gerek.