https://turkmensport.com/articles/psz-garsylyk-duymaz-1/HQzIZspuNuk8kum.jpg

Janköýerleriň ilkinji nobatda uly gyzyklanma bilen tomaşa edýän futbol ýaryşy ýetip geldi. Hawa, şu gün Çempionlar ligasynyň toparçalarynda birinji tapgyryň oýunlary oýnalar. Bu arzyly ýaryşyň eýýäm birinji tapgyrynda gyzykly oýunlaryň birnäçesi bolar. Olaryň arasynda läheň toparlaryň özara duşuşygy hasam tapawutlanýar.

Şu gün ýarygije diňe çempion bolmagy maksat edinýän “PSŽ” bilen “Ýuwentus” topary duşuşar. Bu mahabatly oýuna uly üns berler. Oýun Aşgabat wagty bilen gije sagat 00:00-da başlanar. Duşuşyk Fransiýanyň “Park De Prens” stadionynda oýnalar.

“PSŽ” Fransiýada ähli garşydaşlaryny uly hasap bilen utup gelýär. Topara diňe “Monako” mynasyp garşylyk görkezip bildi. Lige 1 çempionatynda 5 duşuşygy hasaba alanyňda, “PSŽ” 23 gol geçirmegi başardy.

Şu günki oýundan öň “PSŽ” Neýmara dynç beripdi. Braziliýaly hüjümçi çempionata ajaýyp netijeler bilen başlady. Neýmary saklamak - “Ýuwentusyň” goragyna kyn düşse gerek?! Elbetde, braziliýaly zehin hüjümdäki beýleki ýyldyz ýoldaşlary bilen wajyp oýunda esasy düzümde meýdança çykar.

Hawa, Fransiýanyň çempiony bu möwsümde entäk güýçli goragly, ýokary derejeli toparlar bilen duşuşyp gören däldir. Şonuň üçin hem “Ýuwentusa” garşy oýun has-da gyzykly bolar. Çünki bu gün toparyň başarnygyny, doly güýjündäki oýnuny has aýdyň synlap bolar.

Kristof Galtýeniň şägirtlerine Fransiýanyň çempionatynda uly garşylyk görkezip biljek topar ýok bolsa gerek?! Ýöne Çempionlar ligasynda “Ýuwentus” parižli ýyldyzlary saklap biler. Elbetde, munuň üçin Italiýanyň toparyna şowlulyk hem gerek bolar.

 Bu, “PSŽ”-niň hüjümçileri üçin şu möwsümdäki ilkinji uly barlag oýny bolar. Messi, Neýmar, Mbappe ýaly ýyldyz oýunçylaryň jadysyna Çempionlar ligasynda hem tomaşa etmek gyzykly bolar. Her nähili bolsa-da, Fransiýada “Ýuwentus” ýaly güýçli garşydaş ýokdur.

“Ýuwentus” möwsüme ynamly başlap bilmedi. Topar bir oýunda utsa, indikini deňlikde oýnap gelýär. Olarda durnuklylyk ýok. Muňa garamazdan, Massimiliano Allegriniň düzüminde ýokary derejeli oýunçylar kän. Bu tälimçi ýüze çykan meseläni çözüp biler. Häzirki ýagdaýda “Ýuwentusyň” belli bir esasy düzümi hem ýok ýaly. Tälimçi mydama gözlegde. Oňa toparda ýüze çykýan şikesler hem päsgel berýär.

“Ýuwentusyň” tälimçisi toparçada “PSŽ” bilen bäsdeşlik edip bolmajakdygyny boýun aldy. Hakykatdanam, 1-nji orny toparçada “PSŽ” eýeläp biler. Ýöne “Ýuwentus” toparçadan çykmak üçin “Benfika”, “Makkabi” ýaly toparlary utmaly bolar. Belki-de, italýan topary Fransiýanyň çempionyna mynasyp garşylyk görkezer?! Allegri ussat taktikaly tälimçidir. Onuň bu günki oýun barada bir pikiri bardyr.

Bu möwsümde “PSŽ” köp duşuşygyny 3-4-2-1 taktiki görnüşde geçirdi. Galtýeniň bu futbol mazmunynda çykyş etmegi, şu günki duşuşykda hem üýtgemese gerek?!

Fransiýanyň çempiony bu oýuna fiziki taýýarlykly, kuwwatly ýagdaýda geldi. Toparyň esasy düzüminde ýitgiler hem ýok.

“Ýuwentus” soňky oýunlaryny 4-3-3 taktiki görnüşde geçirdi. Allegriniň düzüminde, esasan-da, ýarymgoragda uly ýitgiler bar. Häzire çenli hem Pol Pogba şikesden açylanok. Esasy düzümiň oýunçylary Kieza, Di Mariýa, Şesni hem toparyna ýardam edip bilmezler. Hüjümde Wlahowiç, Kuadrado, Kostiç ýaly futbolçylar oýnap bilerler.

Çaklanylýan maglumat:

Oýnuň birinji ýarymynda “PSŽ” hasaby açar;

Parižliler azyndan 2 gezek tapawutlanmagy başarar;

Hasap 2:0, 3:1 ýa-da 4:1 bolar;

Oýunda görkezilen sary kartlaryň 5-e ýetmegi ähtimal;

Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolup, burçdan urlan urgularyň sany 10-a ýeter;

Neýmar netijeli tapawutlanar we penalti urgusy bolup biler;

“PSŽ” ynamly ýeňiş gazanar.