https://turkmensport.com/articles/milletler-ligasynda-final-gaytalanyar/SDKYwCBvmWUr8en.jpg

Ýewro-2020 ýaryşynyň finalynda duşuşan Angliýa bilen Italiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda Milletler ligasynda ýene-de bir gyzykly duşuşyk geçer. Bu oýuna aýratyn üns berler.


Mümkin, Ýewropa ýaryşynyň finaly bilen Milletler ligasynyň oýun derejesini deňäp bolmaz. Ýöne bu oýun hem final derejesinde bolmasa-da täsirli wakalara baý bolup biler. 


Duşuşyk has hem Angliýanyň milli ýygyndysy üçin aýratyn ähmiýetli bolar. Çünki iňlisler Dünýä çempionatynyň başlanmagyna az wagt galanda toparyň ussatlyk derejesine, taýýarlygyna anyk göz ýetirmek üçin Italiýa garşy oýuny synag hökmünde geçirip bilerler.

 

Uly üns bilen tomaşa ediljek oýun sentýabr aýynyň 23-ne ýarygije Aşgabat wagty bilen sagat 23:45-de başlar. Duşuşyk Milan şäheriniň “San Siro” stadionynda geçer.

 

Toparlar ýaryş tertipnamasynda...  

 

Bu ligada milli ýygyndylar A3 toparçada çykyş edýärler. Wengriýanyň milli ýygyndysy garaşylmadyk ýagdaýda toparçada 1-nji oruny eýeleýär. Italiýa bolsa 3-nji orunda ýerleşýär. Angliýanyň milli ýygyndysy 4-nji orunda ýerleşip 1 oýuny hem ýeňiş bilen tamamlap bilmedi. 

 

 

Mançini düzümi bilen kän tejribe geçýär

 

Italiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi geljegi nazara alyp, ýaş oýunçylardan düzülen topary düzmek isleýändigini gizläp duranok. Sebäbi Italiýa öňümizdäki boljak uly futbol ýaryşyna gatnaşyp bilmez. Tälimçiniň indiki uly ýaryşa ýagny Ýewro 2024-e çenli topary gowy taýýarlamaga wagty ýeterlik bolar. Milletler ligasy bolsa Italiýa üçin uly ähmiýetli ýaryş bolup görnenok.


Italiýa esasy düzüminiň lider oýunçylaryna bil baglap bilmez


Bu günki oýunda esasy ýarymgoragçylar Marko Werrati bilen Lorenso Pelegrini ýaly wajyp oýunçylar meýdança çykyp bilmezler. Roberto Mançinä olaryň öwezini dolmak aňsat düşmez. Häzirki wagtda Italiýada şeýle ýokary derejeli ýarymgoragçylary mynasyp çalşyryp biljek oýunçylar juda azdyr.

 

 

Angliýanyň esasy derwezeçisi Jordan Pikford şikesli

 

Hawa, Dünýä çempionatyndan öň Pikford ýakymsyz şikes aldy. Onuň ornuna mynasyp derwezeçiler az däl. Häzirki wagtda esasy düzümde meýdança çykmaga “Arsenalyň” derwezeçisi  Eron Ramzdeýl mümkinçilik alyp biler. Belkide Ramzdeýl dörän mümkinçilikden ýerlikli peýdalanar.

 

Milletler ligasynyň 4 oýunynda iňlisler diňe bir gol geçirdiler


Angliýanyň düzüminde ýokary derejeli hüjümçiler hem-de hüjüme goşulýan ýarymgoragçylar barmak basyp sanardan kändir. Ýöne muňa garamazdan, Angliýanyň soňky oýunlaryna syn etmeklik futbol janköýerine lezzet bermeýän bolsa gerek.


Topar tälimçiniň görkezmesi bilen juda seresaply futbol taktikasynda oýnaýar. Şol sebäpli hem hüjümde  kynçylyklar çekýär. Garet Sautgeýtiň düzüminde oýunyň ykbalyny çözüp bilýän ýyldyz oýunçylar hem bardyr. Bu netije Angliýa ýaly güýçli ýygyndy üçin juda ýaramazdyr.  

 

Çaklanylýan maglumat:


Angliýa 1 gol geçirmegi başarar;


Oýunda 4 goldan kän geçirilmez;


Iki topar hem tapawutlanmagy başarar;


Hasap 1:1, 1:2 ýa-da 2:2 bolar;


Oýunda görkezilen sary kartlaryň sany 4-e ýeter;

Duşuşykda standart ýagdaýy ýeterlikli bolup, burçdan urlan urgularyň sany 9-a ýeter.