https://turkmensport.com/articles/mancester-yunaytede-utmak-kyn-duser/eRAdopJm8xIfkSH.jpg

Şu gün Ýewropa ligasynyň toparçalarynda ikinji tapgyryň oýunlaryna badalga berler. Ýewropada ikinji derejeli ýaryşyň eýýäm birinji tapgyrynda gyzykly oýunlaryň birnäçesi boldy. Olaryň arasynda garaşylmadyk netijeler hem hasaba alyndy.


Ýewropa ligasynda uly üns bilen tomaşa ediljek oýunlaryň birinde Moldowanyň “Şerifi” Angliýanyň meşhur topary “Mançester Ýunaýtedi” kabul eder. Oýun şu gün, Aşgabat wagty bilen sagat 21:45-de başlar.


Ýewropa ligasynda “Şerif” birinji oýnuna ýeňiş bilen başlady. Olar myhmançylykda “Omoniýa” toparyndan ynamly üstün çykdylar.


“Mançester Ýunaýted” bolsa bu ýaryşyň ilkinji oýnunda, garaşylmadyk ýagdaýda öz meýdançasynda “Real Sosýedad” toparyndan asgyn geldi.

 

Oýundan öň toparlaryň ýagdaýy

 

“Şerif” goragda ynamly oýnaýar...


Ýadyňyzda bolsa, geçen möwsümde Moldowanyň “Şerifi” Ýewropada özüni hasam gowy tarapdan görkezdi. Olar myhmançylykda “Real Madridi” hem utmagy başardylar. Bu möwsümde hem “Şerif” goragda dürs oýnap, gerekli netijeleri gazanmagyň hötdesinden gelýär. Topar Ýewropa ligasynyň 1-nji oýnunda hem öz derwezesinden gol geçirden däldir.

 

“Şerif” bu oýuna ajaýyp fiziki ýagdaýda çykar


Belleýşimiz ýaly, topar soňky oýnuny ýokary derejede geçirdi. Moldowanyň “Şerifi” toparçada häzirki ýagdaýda 1-nji orunda barýar. “Şerif” toparlaýyn sazlaşykly oýnamagy başarýar. Şu gün myhman topara hüjümde netijeli oýny görkezmek kyn düşse gerek?!

 

                                                                                             Ronaldo 7 oýun bäri netijeli tapawutlanyp bilenok


Häzirki wagtda Ronaldo Erik Ten Hagyň futbol taktikasyna doly uýgunlaşyp bilenok. Şu gün hem portugaliýaly ýyldyz esasy düzümde oýuna başlap biler. 


Ezber hüjümçi soňky gezek “Mançester Ýunaýtediň düzüminde maý aýynda tapawutlandy. Ýöne bu möwsümde Ronaldonyň köp oýuna ätiýaçda başlandygyny hem belläp bolar.

 

Ten Hag esasy düzümiň oýunçylaryna dynç berermi?

 

“Mançester Ýunaýted” özüniň esasy ünsüni APL-e gönükdirýändigini gizlänok. Muňa garamazdan, Ýewropa ligasynda hem topar üstünlikli çykyş etmegi maksat edinýär. Ýewropa ligasynyň 1-nji tapgyrynda “gyzyl şeýtanlaryň” tälimçisi esasy düzüminiň käbir oýunçylaryna dynç beripdi. Emma olaryň ornuna meýdança çykanlar ynamy ödäp bilmediler. Topar öz meýdançasynda garaşylmadyk ýagdaýda utuldy. Bu gezek hem Erik Ten Hag şeýle tejribäni geçirermikä?! Ýa-da bu oýunda esasy maksat utuk gazanmak bolarmy?! Bu soraglara biz ýakyn wagtda jogap alyp bileris...    

 

Çaklanylýan maglumat:


Oýnuň birinji ýarymynda 1 goldan kän geçirilmez;


Oýunda 2 gol geçiriler;


Hasap 1:2, 2:1 ýa-da 1:1 bolar;


Oýunda görkezilen sary kartlaryň 4-e ýetmegi ähtimal we standart ýagdaýy kän bolup, burçdan urlan urgularyň sany 8-e ýeter;


Penalti urgusy hem bolup biler.