https://turkmensport.com/articles/lewandowski-yene-de-tapawutlanarmy-1/wOicJjVfZpviydM.jpg

Şu gün Ispaniýanyň La Ligasynda 4-nji tapgyryň merkezi oýny oýnalar.

Tapgyryň esasy, dartgynly boljak oýnunda “Sewilýa” bilen “Barselona” duşuşar. Oýun şu gün gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da, “Ramon Sançez Pishuan” stadionynda oýnalar.

“Sewilýa” çempionata şowsuz başlady. Toparyň 3 oýundan soň 1 utugy bar. “Sewilýa” La Liganyň ýaryş tertipnamasynda, häzirki wagtda 15-nji orunda barýar.

“Barselona” 3 oýundan soň 7 utuk toplamagy başardy. Hawiniň şägirtleri çempionatda 3-nji orunda barýarlar.

Geçen möwsümde şowly çykyş etmegi başaran “Sewilýa”, täze möwsümde durnukly netijeleri görkezip bilenok. Şol wagtlar toparyň düzüminde goragda ýokary derejeli oýunçylar hem bardy. Bu möwsümde bolsa topar goragda ygtybarly oýny görkezip bilenok. “Sewilýa” her oýunda diýen ýaly derwezesinden gol geçirtýär. Şol sebäplem, topar häzir çempionatda aşaky orunlarda barýar.

“Sewilýanyň” düzüminde bu günki oýunda, esasan goragda uly ýitgiler bar. Kunde bilen Diego Karlosyň gidenine esli wagt bolsa-da, topar bu oýunçylaryň öwezini ýeterlik dolup bilmedi. Topara täze gelen goragçy Markao bolsa, şikesi sebäpli bu günki oýunda kömek edip bilmez.

“Sewilýa” üçin “Barselona” oňaýsyz garşydaşlaryň biridir. Hulen Lopeteginiň şägirtleri La Liganyň çäklerinde, 2015-nji ýyldan bäri Kataloniýanyň bu klubuny utup gören däldirler. Şondan bäri toparlar 13 oýun geçirdiler. 9 oýunda “Barselona” ýeňiş gazandy. Galan 4 oýun hem deňlikde tamamlandy.

“Barselona” möwsümiň başynda has durnukly hem-de özüne ynamly topar bolup görünýär. Toparyň transfer penjiresindäki amala aşyran transferleri öz netijesini berip başlady. Goragda, ýarymgoragda, hüjümde güýçlenen “Barselona” geçiren oýunlarynda ynamly ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. Esasan hem, soňky oýunlarda Lewandowski topara barha uýgunlaşyp, yzygiderli, netijeli tapawutlanýar. Tälimçi Hawi hem: “Lewandowskiniň toparymyzda oýnamagy, biziň üçin uly artykmaçlykdyr” diýdi.

Hawi şu günki oýunda esasy düzüminiň ähli oýunçylaryna bil baglap biler. Toparda şikesli oýunçy ýokdur. Hawiniň tälim bermeginde “Barselona”, esasanam, myhmançylykda has netijeli oýny görkezmegi başarýar. Bu oýun hem ýokary derejede bolup biler. Lewandowski ýene-de tapawutlanmak islär...

Çaklanylýan maglumat:

Oýnuň birinji ýarymynda hasap açylar;

Iki topar hem tapawutlanmagy başarar;

Hasap 1:3, 0:2 ýa-da 2:4 bolar;

“Barselona” bu oýunda 3 gol geçirmegi başarar;

Oýunda görkezilen sary kartlaryň 4-e ýetmegi ähtimal;

Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolup, burçdan urlan urgularyň sany 9-a ýeter.