https://turkmensport.com/articles/lester-ilkinji-yensini-gazanarmy-ya-da-ten-hag-ronaldo-bilen-utuk-alarmy-1/lkeMz5enQ5TE8Dn.jpg

Şu gün Angliýanyň Premýer ligasynda 5-nji tapgyryň soňky oýny oýnalar.

APL-de şu tapgyryň gyzykly boljak oýnunyň biri-de “Lester” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasynda geçiriler. Oýun şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da, “King Pauer” stadionynda oýnalar.

APL-de “Lester” 4 oýundan soň 1 utuk toplady. Brendan Rodjersiň şägirtleri çempionata şowly başlap bilmediler. Entäk topar çempionatda utup hem görenok. “Lester” häzirki ýagdaýda ýaryş tertipnamasynda soňky, 20-nji orunda barýar. Toparyň düzümine seredeniňde, olaryň aşaky orunda ýerleşmegi, düýbünden gabat geljek ýagdaý däldir. Ýagny, “Lesteriň” APL-de ýokary orunlar üçin hem göreşmäge ähli mümkinçilikleri bardyr.

Toparyň düzüminde ezber, güýçli oýunçylar ýeterlikdir. Çempionatyň başynda “Lesteriň” öňdebaryjy toparlar bilen oýnandygyny hem belläp bolar. Ýöne şeýle ýagdaýda hem toparyň 4 oýunda diňe bir utuk gazanmagy ýaramaz netijedir.

“Lester” az utuk gazanan bolsa-da, toparyň hüjümde görkezýän netijesi geljekki oýunlarda ýeňşe umyt etmäge ýeterlikdir. Topar ähli oýunda tapawutlanmagyň hötdesinden gelýär. Emma häzire çenli goragda ygtybarly, ynamly oýny görkezip bilenok.

Bu günki “Mançester Ýunaýtede” garşy boljak oýunda hem “Lester” netijeli tapawutlanyp biler. Ýöne ýeňip bilermikä?!

Eger-de Brendan Rodjersiň şägirtleri goragda sazlaşykly oýny görkezip bilseler, bu oýunda “Mançester Ýunaýtede” hem ýeňil düşmez. “Lestere” bu oýunda utuk almak has-da wajypdyr. Olar oýnuň başyndan ýeňmek üçin ýiti hüjüme geçip bilerler.

Häzirki wagtda “Mançester Ýunaýted” 4 oýundan soň, 6 utugy bilen ýaryş tertipnamasynda 12-nji orunda ýerleşendir. Ten Hagyň şägirtleri çempionata şowsuz başladylar. Hat-da yzygiderli 2 gezek ýeňlişe hem sezewar boldular. Ýöne soňky iki oýunda, kynlyk bilen bolsa-da, topar utmagy başardy.

Toparyň ýolbaşçylary tälimçi Ten Hagyň islegini kanagatlandyrmagy başardylar. Başgaça aýdanymyzda,  tomusky transfer penjiresinde “Mançester Ýunaýted” iň gymmat transferi amala aşyrdy. Olar ýakynda “Aýaks” toparyndan 100 million ýewro, braziliýaly hüjümçi Antonini satyn aldylar. Bu transfer şübheli we töwekgelli bolsa-da, Ten Hag oýunçy bilen öň bile işleşdi. Ol onuň ukyp-başarnygyny gowy bilýär.

Hawa, soňky hepdeler-de “gyzyl şeýtanlar” birneme güýçlenen ýaly görünýärler. Eýsem-de, toparyň ýarymgoragyna tejribeli Karlos Kazemiro transfer edildi. Ten Hag toparynda portugaliýaly hüjümçi Ronaldonyň hem galjakdygyny habar berdi. Belki-de, şu günki oýunda ýyldyz hüjümçi täze möwsümde ilkinji gezek netijeli tapawutlanyp biler?!

Häzirki wagtda tälimçiniň esasy düzüme girizen üýtgeşmeleri topara ýardam edýär. Hawa, toparyň iň gymmat iňlis goragçysy Maguaýr hem 2 oýundan bäri ätiýaçda bolmagynda galýar.

Şu günki oýunda iki topara hem ýeňil düşmez. Her toparyňam öz maksady bar. Eger-de, şu gün “Mançester Ýunaýted” 3 utuk gazansa, olar ýaryş tertipnamasynda 5-nji orna çykyp bilerler. Bu netije bolsa, ägirt uly klubuň janköýerlerini birneme umytlandyryp biler. “Mançester Ýunaýted” şeýle ýokary derejeli oýunçylardan ybarat düzümi bilen, baýrakly orunlar üçin göreşmäge borçludyr...

Toparlar geçen möwsümde Premýer ligada 2 gezek duşuşyp, şol oýunda hem “Lester” 1 gezek ýeňiş gazandy. 1 oýun hem deňlikde tamamlandy. Bu oýunlarda 8 gol geçirildi.

Çaklanylýan maglumat:

Oýnuň birinji ýarymynda hasap açylar;

Iki topar hem tapawutlanmagy başarar;

Hasap 1:2, 1:1 ýa-da 2:1 bolar;

Oýunda görkezilen sary kartlaryň 4-e ýetmegi ähtimal;

Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolup, burçdan urlan urgularyň sany 9-a ýeter.