
Şu
gün Dünýä çempionatynyň “A” toparçasynda 2-nji tapgyryň nobatdaky oýunlary
oýnalar. Toparçada bu tapgyryň ilkinji oýunynda ýer eýeleri Katar bilen Senegalyň
milli ýygyndysy duşuşar.
Toparçanyň 1-nji tapgyrynyň oýunynda Kataryň milli ýygyndysy
Ekwadoryň milli ýygyndysynda 0:2 hasabynda asgyn geldi.
Öz gezeginde 1-nji
tapgyryň oýunynda Senegalyň milli ýygyndysy hem Niderlandlaryň milli
ýygyndysyndan utuldy.
Häzirki wagtda iki topara hem bu oýunda utuk almak juda
zerurdyr. Diňe utan toparyň pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçiligi galar.
Ýer eýeleri Katar
üçin bu duşuşyk aýgytly oýun bolar.
Katar
bilen Senegalyň arasyndaky boljak oýun “Al Tumama” stadionynda geçer. Duşuşyk şu güni Aşgabat
wagty bilen sagat 18:00-da başlar. Dartgynly geçjek oýuna Türkmensport saýtyna
birikdirilen «Maтч ТВ» kanalynda göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.
Kataryň hüjüminde sazlaşykly oýun ýok
Ýer eýeleri höküminde Katar ilkinji oýuny bilen Dünýä
çempionatyna badalga berdi. Bu oýunda Kataryň mynasyp netije görkezmegine
garaşyldy. Emma Ekwadoryň milli ýygyndysy uly garşylyk duýman, gerekli netijäni
gazandy.
Kataryň oýunynda sazlaşykly hereketler az boldy. Toparyň
taktiki usuly netije bermedi.
Dünýä çempionatynyň 2-nji tapgyrynda Katar ýene-de
oňaýsyz garşydaş bilen duşuşar. Senegalyň milli ýygyndysy Niderlandlardan
utulan hem bolsa, mynasyp garşylyk görkezdi.
Senegalyň oýunçylarynyň oýun derejesi Kataryň
oýunçylaryndan has ýokarydyr. Eýsem Senegal Ekwadory hem utup biler. Bu oýunda
Katara ýeňiş gazanmak kyn bolar. Olaryň hüjümi Senegalyň goragyna uly kynçylyk
döredip bilmese gerek.
Ilkinji açylyş oýunynda utulyp, Katar özüni kyn ýagdaýda
goýdy. Şu günki oýunda hem milli ýygyndy utulaýsa, toparçadan çykyp bilmez.
Senegalyň milli ýygyndysynyň düzüminde ýene-de ýitgiler
bar. Emma muňa garamazdan bu oýunda Senegal faworit bolup görünýär. Duşuşyk
Senegalyň doly artykmaçlygynda geçip biler.
Çaklanylýan maglumat:
Oýunyň birinji ýarymynda 2 goldan kän geçmez;
Senegal 2 gezek tapawutlanmagy başarar;
Hasap 0:2, 1:3 ýa-da 0:1 bolar;
Oýunda
görkezilen sary kartlaryň sany 4-e ýetmegi ähtimal;
Duşuşykda
standart ýagdaýy kän bolup burçdan urulan urgularyň sany 8-e ýeter;
Bu oýunyň ikinji ýarymynda penalty urgusy bolup biler.
Çeşme: turkmensport.com
1-2