
Şu güni Katarda dowam
edýän Dünýä çempionatynyň “G” toparçasynyň oýunlaryna badalga berildi. Toparçanyň
esasy oýuny Braziliýa bilen Serbiýanyň milli ýygyndysynyň arasynda bolar.
Dünýäniň 5 gezek çempiony bolan Braziliýanyň milli ýygyndysy
diňe bir toparçanyň däl, eýsem Dünýä çempionatynyň hem esasy faworiti
hasaplanylýar.
Braziliýa bilen Serbiýanyň arasynda boljak oýun Kataryň “Lusail”
stadionynda geçer. Duşuşyk şu güni, Aşgabat wagty bilen gije sagat 00:00-da
başlar. Oýuna Türkmensport saýtyna birikdirilen «Maтч ТВ» kanalynda göni ýaýlymda tomaşa edip
bolar.
Braziliýanyň düzüminde Neýmar bar
Soňky 20 ýylda Braziliýa Dünýäniň çempiony bolup gören
däldir. Katarda geçirilýän Dünýä çempionatynda Braziliýa üçin çempion bolmaga
gowy mümkinçilik bar. Toparda güýçli, zehinli oýunçylar jemlenen.
Aýratyn hem Braziliýanyň milli ýygyndysynda Neýmary esasy
lider hökmünde hasap edip bolar.
Braziliýaly hüjümçi şikeslerden doly taplanyp şu möwsümde ajaýyp netijeli
oýuny görkezýär. Ol klubynda 19 oýunda 13 gol geçirip, 11 assist berdi.
Neýmaryň häzirki fiziki formasy ýokary derejede. Neýmar üçin Katarda geçirilýän
Dünýä çempionatynyň karýerasyndaky iň soňky uly halkara ýaryşy bolup biler. Şonuň
üçin bu gezek zehinli hüjümçi Dünýä çempionatyny uly motiwasiýaly geçirer.
Esasy zat şikesiň bolmazlygydyr.
Braziliýa ynamly toparçadan çykar. Ýöne ilkinji oýunda
Serbiýa Neýmaryň toparyna uly kynçylyklary döredip biler. Ýewropanyň
toparlarynyň içinde Serbiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçilerini tapawutlandyryp
bolar.
Aleksandr Mitrowiç hem Dünýä çempionatynyň ilkinji
oýunynda esasy düzümde meýdança çykyp biler. Ol bu möwsümi ýokary derejede
geçirýär. Mitrowiç alan şikesinden doly açyldy.
Serbiýanyň berk goragy bar. Ýöne bu goraga tizlik
ýetmeýän ýaly. Braziliýanyň bolsa hüjümde oýnaýan oýunçylary çalasyndyr.
Braziliýalylaryň esasy düzümi diýseň güýçli. Tälimçi Tite
oýnuň dowamynda düzümi güýçlendirip biler, eýsem bu toparda ätiýaçdaky
oýunçylar hem ýokary derejelidir. Soňky üç ýylda Braziliýa toparynyň hüjümini
diňe Argentina we Kolumbiýa saklamagy başardy.
Braziliýa bilen boljak oýunda Dragan Stoýkowiçi adaty
tertipli taktikadan daşlaşyp, 5-3-2 görnüşli taktika geçmegi ähtimal. Şeýle üýtgeşmeler Serbiýa güýçli topara garşy
oýunda kömek edip biler. Bu taktika uly äheňi goraga berse-de, serbiýalylar
hüjümi hem unutmazlar. Bu oýunda iki topar hem tapawutlanyp biler.
Çaklanylýan
maglumat:
Oýunyň
birinji ýarymynyň ilkinji 30 minudynda hasap açylar;
Iki
topar hem tapawutlanyp biler;
Hasap
2:1, 1:1 ýa-da 3:1 bolar;
Oýunda
görkezilen sary kartlaryň sany 3-e ýeter;
Duşuşykda
standart ýagdaýy kän bolup burçdan urulan urgularyň sany 8-e ýeter;
Bu oýunda Braziliýa kynlyk bilen bolsa-da ýeňiş gazanyp biler.
Çeşme: turkmensport.com
Teswir ýaz
0 Teswir