https://turkmensport.com/articles/bundesligada-derbi-oyny-bolar-1/8oh3Tf7tDn93Iwa.jpg

Germaniýanyň Bundesligasynda şu hepde 7-nji tapgyryň nobatdaky oýunlary oýnalar. Bu möwsümde Bundesligada oýunlar ýokary netijeli geçýär. Çempionatyň 6-njy tapgyryndan soň, ýaryş tertipnamasynda 1-nji orunda garaşylmadyk toparyň bolmagy hem, Bundesligada çempionlyk üçin göreşiň has-da ýiti boljakdygyny aňladyp biler.

Elbetde, soňky 10 ýylda Bundesliganyň bassyr çempiony bolmagy başaran “Bawariýa”, bu ýyl hem çempionlyga esasy dalaşgärdir. Olardan soň Germaniýadaky 2-nji güýçli topar “Borussiýa Dortmunddyr”.

Ine, şu 7-nji tapgyrda hem “Borussiýa” öz meýdançasynda “Şalkeni” kabul eder. “Rurskoe derbi” ady bilen tanalýan duşuşyk dartgynly ýagdaýda geçer.

Çekeleşikli boljak oýun şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 18:30-da başlanar we “Signal Iduna Park” stadionynda oýnalar.

“Borussiýa Dortmund” geçen tapgyryň oýnunda “RB Leýpsigden” uly hasap bilen utuldy. “Borussiýa” Bundesligada eýýäm 2-nji gezek utuldy. Häzirki wagtda topar 12 utugy bilen 5-nji orunda barýar. Ýöne häzir ýaryş tertipnamasynda toparlaryň arasyndaky tapawut uly däldir. Entäk çempionatda 6 oýun oýnaldy.

“Şalke” çempionata şowly başlap bilmedi. Frank Krameriň şägirtleri 6 oýundan soň 6 utuk topladylar. Olar häzirki wagtda ýaryş tertipnamasynda 13-nji orunda ýerleşýärler. “Şalke” Bundesligada diňe 1 oýunda ýeňiş gazanmagy başardy.

                                                                                            Oýundan öň toparlaryň ýagdaýy

                                                                               “Borussiýa” durnukly oýnamaga ýitgiler päsgel berýär

“Borussiýa” häzir belli bir baha bermek kyn düşýär. Sebäbi topar entäk öz ukyp-başarnygyny doly görkezip bilenok. Çempionlar ligasynda “Mançester Sitiden” utulandygyna garamazdan, olar Angliýada mynasyp oýny görkezmegi başardylar. Ýöne gerekli netijäni gazanmak üçin topara ýokary derejeli oýunçylar ýetmezçilik etdi.

Soňky oýunlardan toparda ösüşiň bardygyny görüp bolýar. “Borussiýa” oýnuň başyndan basgyny güýçlendirmek isleýär hem-de topy özünde saklamaga çalyşýar.

Toparda ýarymgoragda, esasan hem Bellingeme uly tama edilýär. Ýöne topara ýokary derejeli hüjümçi ýetmezçilik edýär. Bu ýagdaý hem “Borussiýanyň” gününi kynlaşdyrýar.

Statistika seretsek hem, “Borussiýa” çempionatda 8 gol geçirdi. Bu netije öňdebaryjy topar üçin juda az. Bundesligada öňdäki orunlarda barýan toparlary alanyňda, diňe “Mainz” “Borussiýa Dortmunddan” az gol geçirdi. Diýmek, dortmundlylar, ortaça alanymyzda, 1 oýunda 2 goldan kän geçiribem bilenoklar.

Goragda hem “Borussiýa” durnukly oýny görkezenok. Oýunlarda kän seýwleri edýän esasy derwezeçi Gregor Kobel şikesi zerarly bu günki oýunda meýdança çykyp bilmez. Bu uly ýitgi bolup biler. Şonsuz hem, şu möwsümde toparyň goragynda kän soraglar bar.

                                                                           Marko Roýs durnukly, ýöne ol “Şalkä” garşy az gol geçirdi

“Borussiýa Dortmundyň” kapitany Marko Roýs toparyň esasy lider oýunçysy bolmagynda galýar. Bundesligada Roýs 7 gezek netijeli tapawutlanmagy başardy. Ol 3 gol geçirip, 4 gezek hem asist berdi. Esasan hem, Roýsuň gollary topara 2 oýunda ýeňiş getirdi.

Şu günki oýunda hem “Borussiýanyň” janköýerleri toparyň kapitanyndan netijeli oýuna garaşýarlar. Ýöne Roýs derbi oýnunda kän tapawutlanyp bilenok.

Çaklanylýan maglumat:

Oýnuň birinji ýarymynda hasap açylar;

“Borussiýa Dortmund” 2 gezek tapawutlanmagy başarar;

Hasap 2:1, 1:0 ýa-da 3:2 bolar;

Oýunda görkezilen sary kartlaryň 5-e ýetmegi ähtimal;

Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolup, burçdan urlan urgularyň sany 11-e ýeter;

Oýunda Marko Roýs netijeli tapawutlanar;

Oýunda penalti urgusy bolup biler;

Kynlyk bilen bolsa-da, ýer eýeleri ýeňiş gazanarlar.