https://turkmensport.com/articles/benzemasyz-real-utuk-yitirip-biler/C7TWEDYM6Xa3FkH.jpg

Ispaniýanyň La Ligasynda şu gün 6-njy tapgyryň merkezi oýny oýnalar. Bu möwsümde La Ligada iki topar has hem tapawutlanýar.

Megerem, bu möwsümde “Real” bilen “Barselona” La Liganyň başga toparlaryndan has öňde bolarlar. Ýöne muňa garamazdan, Diego Simeoneniň “Atletiko Madridi” hem bu iki läheň toparyň yzyndan galmajak bolýar. Ine, şu günki merkezi oýunda-da Diego Simeoneniň şägirtleri ligada bassyr 5 oýun bäri utup gelýän “Real Madridi” ýeňişli ýolundan saklap bilerler. 

Dartgynly geçjek Madrid derbisi şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Duşuşyk Madrid şäherindäki “Wanda Metropolitano” stadionynda oýnalar. 

“Atletiko Madrid” La Ligada eýýäm 1 gezek utuldy. 5 oýundan soň, topar 10 utugy bilen ýaryş tertipnamasynda 7-nji orunda barýar.  

“Real Madrid” La Ligadaky 5 oýnunda hem ýeňiş gazanmagy başardy. Häzirki wagtda topar 15 utugy bilen 2-nji orunda barýar. La Ligada 6 oýny geçiren “Barselona” şu wagtky ýagdaýda 1-nji orunda ýerleşýär. Muňa garamazdan, “Real” entäk 6-njy oýnuny geçirenok.

                                                                                                         Oýundan öň toparlaryň ýagdaýy

                                                                                                        “Atletiko Madridde” uly ýitgiler bar

Ýer eýeleri Sawiçe, Himenese, Regilona hem-de Lemara bu oýunda bil baglap bilmezler.

Diego Simeone bu oýunda esasy düzüminiň 4 oýunçysyny meýdança çykaryp bilmez. Bu ýagdaý toparyň öň hem ýeňil bolmadyk ýagdaýyny kynlaşdyrar. Eýsem, toparyň esasy derwezeçisi Ýan Oblakyň hem uly bolmadyk şikesi bar. Ýöne ol bu oýuna taýýar diýip tälimçi aýratyn belledi. 

“Atletiko” üçin, esasan hem iň uly ýitgi merkezi goragçylar bolsa gerek. Sawiç bilen Himenesiň öwezini dolmak ýeňil düşmez. Geçen oýunda-da goragçylaryň ýoklugy bildirdi. Topar 2:0 hasabynda “Baýerden” asgyn geldi. 

                                                                   “Atletiko” ýokary derejeli toparlara garşy üstünlikli oýnamak kyn düşýär

Şu möwsümde Diego Simeoneniň şägirtleri ýokary derejeli oýunlarda uly kynçylyklary çekýärler. Muňa mysal hökmünde “Willarreala”, “Real Sosýedada” we “Baýere” garşy oýunlary alyp bolar. Bu oýunlarda “Atletiko” şowsuzlyga uçrady we Madrid topary garşydaşlaryndan uly artykmaçlyk görkezip bilmedi. 

Diego Simeoneniň şägirtleriniň uly oýunlarda kynçylyk çekmegi, indi adaty ýagdaýa öwrülip barýar.  

                                                                              Benzema oýnamaz, ýöne “Real” öňküleri ýaly oňa bagly däldir

Benzema Çempionlar ligasynda “Seltige” garşy oýunda şikes aldy. Şondan bäri “Real” 2 oýun geçirdi. 2-sinde hem topar ynamly ýeňiş gazanmagy başardy. Hawa, Karim Benzemanyň öwezini dolmak kyn. Ýöne häzirki wagtda “Real Madridde” liderlik roluny Winisius, Walwerde ýaly oýunçylar uly üstünlik bilen ýerine ýetirýärler. 

                                        “Real” möwsümdäki ähli oýnunda utandygyna garamazdan, goragda netijeli ýalňyşlyklara ýol berýär

“Real” ähli ýaryşlary alanyňda, 8 oýunda 8 ýeňiş gazandy. Topar bu oýunlarda 22 gol salyp, 5 goly derwezesinden geçirtdi. Ýöne Karlo Ançelottiniň şägirtleri ähli oýunda diýen ýaly derwezesinden gol goýberýärler. Bu günki merkezi oýunda hem “Atletiko” uly basgyn bilen oýnasa, “Realyň” goragçylary ýalňyşyp bilerler. Elbetde, “Reala” öz derwezesini gorap saklamak kyn düşer!

Çaklanylýan maglumat:

Oýnuň birinji ýarymynda 1 goldan kän geçirilmez; 

“Real Madrid” 2 gezek tapawutlanmagy başarar;

Iki topar hem tapawutlanyp biler;

Hasap 1:2, 0:1 ýa-da 1:1 bolar;

Oýunda görkezilen sary kartlaryň 4-e ýetmegi ähtimal;

Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolup, burçdan urlan urgularyň sany 11-e ýeter;

Winisius Junior netijeli tapawutlanar;

Oýunda gyzyl kart görkezilip biler.