https://turkmensport.com/articles/bawariya-lewandowskini-garsylar/TLtBGNNeoKiKVpN.jpg

Şu gün Çempionlar ligasynyň toparçalarynda ikinji tapgyryň oýunlary oýnalar. Bu arzyly ýaryşyň eýýäm birinji tapgyrynda gyzykly oýunlaryň birnäçesi boldy. Olaryň arasynda läheň toparlaryň özara duşuşygy has hem tapawutlandy. Bu tapgyrda hem iň ýokary derejede geçjek oýunlaryň biride Germaniýada oýnalar.


Gürrüňsiz ýokary derejede, dartgynly boljak oýunda Çempionlar ligasynda çempionlyga esasy dalaşgär  hasaplanýan “Bawariýa” bilen Hawiniň tälim bermeginde täze transferler bilen güýçlenen “Barselona” topary duşuşar. Uly mahabatly oýuna bütin dünýäde çäksiz gyzyklanma döredi. Oýun sentýabr aýynyň 13-ne ýarygije Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar. Duşuşyk Mýunhen şäheriniň “Alýans” stadionynda oýnalar.


Çempionlar ligasynda toparlar özleriniň ilkinji oýunlaryny ýeňiş bilen tamamladylar. “Bawariýa” myhmançylykda “Interi” utan bolsa “Barselona” öz meýdançasynda “Wiktoriýa Plizen” toparyndan ynamly üstün çykdy. 

 

Oýundan öň toparlaryň ýagdaýy...

 

“Bawariýa” Bundesligada 3 oýun bäri utup bilenok. Ýöne entäk topara çökgünlikde diýmekden has irdir. 


Möwsümiň başynda ynamly oýuny görkezip diňe uly hasaplar bilen utmagy başaran “Bawariýa” häzirki ýagdaýda birneme depginini gowşadan ýaly. Soňky 3 oýuny Nagelismanyň şägirtleri deňlikde tamamladylar. Muňa garamazdan “Bawariýa” bu oýunlarda garşydaşyndan uly artykmaçlyk görkezdi. Hüjümçiler birnäçe amatly pursatlardan ýerlikli peýdalanyp bilmediler. “Bawariýa” häzir hem öňküsi ýaly güýçli oýuny görkezýär. Her oýunda ýeterlik derejede gol geçirmäge amatly pursatlary döredip bilýär. Ýöne netijeli peýdalanmakda welin kynçylyk çekýär. Bu ýagdaýam wagtlaýyn dörän kynçylyk bolup biler.

 

Koman “Bawariýanyň” esasy ýitgisidir...

 

Fransiýaly ýarymgoragçy Kingsli Koman şikes almazyndan öň “Bawariýanyň” esasy düzüminde yzygiderli oýnaýardy. Häzirki wagtda ýakyn oýunlarda onuň ornunda Serj Gnabri meýdança çykar.

 

“Bawariýa” “Barselonany” yzygiderli utup gelýär...   

 

Soňky 10 ýylda “Bawariýa” “Barselona” üçin oňaýsyz garşydaş boldy.


Germaniýanyň çempiony “Barselonany” 5 oýunda uly hasap bilen utmagy başardy. Ilkinji uly hasaply ýeňiş 2012/13-nji ýylda Çempionlar ligasynyň çäklerinde boldy. Şol döwür Ýup Haýnkesiň tälim bermeginde “Bawariýa” iki oýunyň jemi boýunça “Barselonany” 7:0 hasabynda utdy. Ýene bir taryhy ýatda galan oýunda “Bawariýa” “Barselonany” 8:2 hasabynda hem utmagy başardy.  Geçen ýyl hem Nagelismanyň topary Çempionlar ligasynyň toparçasynda 2 gezek “Barselonadan” uly hasap bilen üstün çykdy.

  

Diňe 2014/2015-nji ýylda “Barselona” “Bawariýa” toparyna mynasyp garşylyk görkezip, 2 oýunyň jemi boýunça 5:3 hasabynda utmagy başardy.


Ýöne “Barselona” nähili ýagdaýda bolsa-da entäge çenli “Alýans” stadionynda “Bawariýany” utup gören däldir.  “Barselona” taryhynda 6 gezek Mýunhende oýnap 4 gezek ýeňilip 2 gezek hem deňedeň oýnapdyr.

 

Möwsümiň başynda “Barselona” durnukly...

 

Hawiniň tälim bermeginde “Barsa” oýunlaryny ýokary netijeli geçirýär. Topar 6 oýunyň 5-sinde ýeňiş gazandy. Aýratyn hem Hawiniň şägirtleri bu oýunlarda 20 gol geçirdiler. Goragda hem topar häzire çenli derwezesinden diňe 2 gol goýberdi. Hawa, “Bawariýadan” “Barselona” transfer bolan Robert Lewandowski eýýämden topara doly uýgunlaşdy diýip bolar. Ol her oýunda diýen ýaly netijeli tapawutlanmagy başarýar. Şu güni hem Lewandowskiniň öňki toparyna garşy geçirjek oýnuna syn etmek gyzykly bolar. Polşaly hüjümçi gowy tanyş bolan stadionynda meýdança çykar. Mümkin gol hem geçirer.

 

“Barselona” 15 oýun bäri myhmançylykda utulanok...

 

Ähli ýaryşlary alanyňda Hawiniň topary myhmançylykda has-da durnukly oýuny görkezip gelýärler. Biziň pikirimizçe myhmançylykda “Barselonanyň” gowy netijeleri görkezmeginiň esasy sebäbi ol hem garşydaş toparlaryň öz meýdançasynda “Barsa” garşy has açyk oýun görkezmegidir. “Barselona” bilen garşylyklaýyn açyk oýuny oýnamak örän ýaramaz netijelere getirip biler. Toparyň ýiti hüjümi bu ýagdaýdan peýdalanmagy başarýar.   

 

Çaklanylýan maglumat:


Oýunyň birinji ýarymynda hasap açylar;


“Bawariýa” 2 gezek tapawutlanmagy başarar;


Hasap 2:1, 1:1 ýa-da 2:2 bolar;


Oýunda görkezilen sary kartlaryň sany 4-e ýetmegi ähtimal;


Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolup burçdan urulan urgularyň sany 11-e ýeter;


Oýunda Lewandowski netijeli tapawutlanar;


Oýunda penalti urgusy bolup biler;

Iki toparyň hem bu oýunda ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi uludyr.