
Şu gün Dünýä çempionatynyň “B”
toparçasynyň 2-nji tapgyrynyň oýunlaryna badalga beriler. 2-nji tapgyryň
ilkinji oýunynda Uels bilen Eýranyň milli ýygyndysy duşuşar.
Bu toparçanyň
ilkinji oýunynda Angliýanyň milli ýygyndysy uly hasap bilen Eýrany utmagy
başardy. Garaşylyşy ýaly hem toparçanyň
esasy faworiti Angliýa uly artykmaçlyk görkezdi.
Öz gezeginde
Uelsiň milli ýygyndysy Garet Beýl bilen ABŞ-yň milli ýygyndysyna garşy durdy. Bu
oýun çekeleşikli geçip, deňlikde tamamlandy.
Şeýlelikde
2-nji tapgyrdan öň, Eýranyň milli ýygyndysy toparçada soňky orunda barýar.
Uelsiň milli ýygyndysynyň hasabynda welin 1 utugy bar. Şu günki duşuşyk iki
topar üçin hem örän wajypdyr. Toparlar diňe ýeňip pleý-offa çykmaga ýakyn
bolarlar. Milli ýygyndylar üçin bu oýun aýgytly duşuşyk hem bolup biler.
Uels bilen Eýranyň arasyndaky boljak oýun
Kataryň
“Ahmed
Bin Ali” adyndaky stadionda geçer. Duşuşyk şu güni Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da
başlar. Dartgynly geçjek oýuna Türkmensport saýtyna birikdirilen «Maтч ТВ»
kanalynda göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.
Garet Beýl häzirem toparynda wajyp oýunçy
Dünýä
çempionaty başlamazdan ozal Uelsiň milli ýygyndysynyň janköýerleriniň ähli umytlary, ilkinji nobatda, Garet Beýle
baglandy. Şeýle-de bolsa, soňky wagtlarda esasy düzümde yzygiderli oýuna
çykmaýan Beýliň fiziki formasyna şübhe bardy.
ABŞ-yň milli ýygyndysy bilen geçirilen oýnuň netijesinde,
Beýl henizem ýokary derejeli futboly görkezmäge ukyplydygyny görkezdi.
Hawa, Beýl oýny
bilen üýtgeşik täsir galdyrmady, ýöne dogry pursatda açyldy we gerekli netijäni
berdi. Ol henizem ýokary derejeli aýratyn başarnykly oýunçydyr. Eýranyň milli
ýygyndysynyň düzüminde şeýle derejeli oýunçy ýokdyr.
Uels amatly
pursatlaryndan ýerlikli peýdalansa Eýranyň milli ýygyndysyny utup biler. Bu
oýunda iki topar hem töwekgellik etmez. Şonuň üçin oýunda kän gol geçmez.
Azmun esasy düzümde oýuna çykmaga taýýar
Angliýa
bilen bolan duşuşyga ätiýaçda başlan Serdar
Azmun Uelsiň garşysyna esasy düzümde oýuna başlamaga taýýar. Bu barada
hüjümçiniň özi hem aýtdy. Şeýle-de bolsa, iňlislere garşy iki gezek gol salan Mehdi
Tareminiň Serdar bilen çalşylmak ähtimallygy ýokary däl. Belki-de, Karluş Keýroş
iki hüjümçini hem bir wagtda oýnadyp biler. Ýöne bu ýagdaý gyssagly hem-de
zerurlyk ýüze çykan halatynda bolar. Tälimçi iki hüjümçini oýuna goýberip
taktikanyň gurluşyny üýtgetmekden çekinip biler.
Bu oýun
dartgynly ýagdaýda geçer. Toparlara utuk almak zerurdyr.
Çaklanylýan maglumat:
Oýunyň birinji ýarymynda 1
goldan kän geçmez;
Eýran 1 gezek tapawutlanmagy
başarar;
Hasap 1:0, 2:1 ýa-da 0:1 bolar;
Oýunda görkezilen sary kartlaryň sany 4-e ýetmegi
ähtimal;
Duşuşykda
standart ýagdaýy kän bolup burçdan urulan urgularyň sany 8-e ýeter;
Oýunda
Uels topy özünde kän saklar;
Garet
Beýl toparynda netijeli tapawutlanmagy ähtimal;
Eýranyň
milli ýygyndysynyň düzüminde Mehdi Taremi, Serdar Azmun ýaly oýunçylar netijeli
tapawutlanyp bilerler;
Bu oýunyň ikinji ýarymynda gyzyl kartyň görkezilmegi mümkin.
Çeşme: turkmensport.com
1-2
ADMIN Çaklanylýan maglumatda Angliýa diýip ýazypsyňyz