https://turkmensport.com/articles/angliyadaky-uly-mahabatly-oyun/V0bbt1FpyR2TsNJ.jpg

Şu gün Angliýanyň Premýer ligasynda 6-njy tapgyryň esasy, merkezi oýny oýnalar.

APL-de tapgyryň merkezi oýny “Mançester Ýunaýted” bilen “Arsenalyň” arasynda geçiriler. Oýun şu gün, Aşgabat wagty bilen sagat 20:30-da, “Old Trafford” stadionynda oýnalar.

APL-de “Mançester Ýunaýted” 5 oýundan soň 9 utuk toplady. Ten Hagyň şägirtleri çempionata şowly başlap bilmediler. Topar ilkinji tapgyryň oýunlarynda yzygiderli 2 gezek ýeňlişe sezewar bolupdy. Ýöne soňky 3 oýunda kynlyk bilen bolsa-da, olar utmagy başardylar. Esasan hem, soňky oýunlarda “gyzyl şeýtanlar” goragda has ygtybarly, ynamly oýny görkezmegiň hötdesinden geldiler.

Tomusky transfer penjiresinde “Mançester Ýunaýted” iň gymmat transferi amala aşyrdy. Olar ýakynda “Aýaks” toparyndan 100 million ýewro braziliýaly hüjümçi Antonini satyn aldylar. Bu günki oýunda hem Antoni ilkinji gezek “gyzyl şeýtanlaryň” düzüminde meýdança çykyp biler.

“Mançester Ýunaýted” soňky 3 oýnunda utan bolsa-da, topar bu netijeleri kynlyk bilen gazandy.

Hawa, “Lestere”, “Sautgemptona” garşy oýunlar myhmançylykda geçirildi. Ýöne olarda “Mançester Ýunaýted” diňeje 1 gol geçirip bildi. Ýeňişli hasaby saklan Ten Hagyň şägirtleri, oýnuň soňky minutlarynda öz derwezesinden gol geçirdip hem bilerdiler. Netijede, häzir toparda 9 utuk bolmazdy.

Gürrüňsiz, soňky üç oýun “Mançester Ýunaýted” üçin şowly boldy. Ýöne oýunda ýeňiş gazanmaga diňe şowlulyk ýetmän biler. Bu ýerde tälimçiniň ideýalary, durnukly taktikalary hem bolmaly.

Hawa, 5 oýundan soň Ten Hag öz pikirini oýunçylara doly ýetirmegi başardy diýsek ýalňyşarys. Onuň öňki tälim beren “Aýaksy” düýbünden başgaça futbol oýnaýardy. Megerem, Ten Hagy “Mançester Ýunaýtediň” ýolbaşçylary şeýle owadan futbol üçin çagyrandyrlar?! Ýöne şeýle sazlaşykly oýny görkezmek hemişe başardyp duranok.

Bu günki “Arsenala” garşy boljak oýunda hem “Mançester Ýunaýted” esasy ünsüni goraga gönükdirip, garşylyklaýyn hüjümleri geçirmegiň usulyny gözlese gerek?! Olar şeýle ýol bilen “Liwerpuly” utdular. Bu gezegem şeýle taktika netije getirip biler.

Mikel Artetanyň tälim bermeginde “Arsenal” Angliýanyň Premýer ligasynyň 5 oýnunyň hemmesinde-de ýeňiş gazandy. Topar sazlaşykly, durnukly oýny görkezýär. Tomusky transfer penjiresinde topara goşulan oýunçylar hem aýratyn tapawutlanmagy başarýarlar. Ýöne “Arsenalyň” 5 oýunda hem utandygyna garamazdan, topar entäk çylşyrymly, ýokary derejeli garşydaşlar bilen duşuşan däldir. Umuman, Mikel Artetanyň şägirtleri “Kristal Pelas”, “Lester”, “Fulhem”, “Bornmut” we “Aston Willa” ýaly ortataply toparlary utdular.

Bu günki uly mahabatly oýun iki topar üçinem özboluşly barlag bolar. “Arsenalyň” düzüminde ýarymgoragda ýitgiler bar. Toparyň ýarymgoragçylary Elneny, Partiý, Zinçenko bu oýunda meýdança çykyp bilmezler. “Arsenalyň” kapitany Edegoruň bolsa, bu oýunda oýnap biljegi entäk näbellidir.

“Mançester Ýunaýtediň” düzüminde şikesli oýunçy ýok. Şu gün esasy düzümde Kazemiro hem oýuna çykyp biler. Belki-de, Ten Hag Ronaldony hem oýnuň ilkinji minutlaryndan meýdança çykarar?!

Her toparyň öz maksady bar. Eger-de, ýer eýeleri şu gün 3 utuk gazansalar, olar ýaryş tertipnamasynda 5-nji orna çenli çykyp bilerler. Ýöne öz gezeginde “Arsenal” hem ýeňiş gazanyp bilse, olar 1-nji orunda ynamly ornaşyp, 2-nji ýerden 4 utuk öňde bolup bilerler.

Çaklanylýan maglumat:

Oýnuň birinji ýarymynda hasap açylar;

Iki topar hem tapawutlanmagy başarar;

Hasap 2:1, 1:2 ýa-da 1:1 bolar;

Oýunda görkezilen sary kartlaryň 5-e ýetmegi we penalti urgusynyň bolmagy ähtimal;

Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolup, burçdan urlan urgularyň sany 10-a ýeter.