https://turkmensport.com/habarlar/ziru-anrinin-rekordyny-tazelemage-yakyn/gUKqf1k0VMh88h9.jpg

Oliwýe Žiru Terri Anriniň Fransiýa üçin goýan rekordyny täzelemäge ýakyn.

Milletler ligasynyň Awstriýa bilen oýnunda (2:0) 35 ýaşly hüjümçi milli ýygyndy üçin 49-njy topuny tora girizdi.

Indi Anriniň 51 golluk rekordyny täzelemek üçin «Milanyň» hüjümçisine iki gol gerek.

Anri Fransiýanyň milli ýygyndysy üçin 123 oýunda meýdança çykdy. Žiru bolsa 113 duşuşyk geçirdi.