https://turkmensport.com/habarlar/yylyn-in-gowularyny-saylamakda-turkmenistanlylar-kime-ses-berdiler/sYm3LR7rdQLIQjX.jpg

FIFA-nyň geçen ýylyň iň gowularyny saýlamak maksady bilen geçiren ses berişligine, bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdy. Has takygy, ses berişlige milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow bilen sport žurnalisti Aleksandr Werşinin gatnaşdy.

Arslanmyrat Amanow ýylyň futbolçysy üçin ses berişlikde birinji basgançaga Robert Lewondowskini ýazdy. Şeýle hem ol Lionel Messini ikinji, N’Golo Kanteni üçünji görkezdi.

Žurnalist Aleksandr Werşininiň sanawynda bolsa Lionel Messi bar. Ol Kewin De Bruýneni ikinji, Žoržinýony üçünji ýazdy.

Bu ada milli ýygyndymyzyň saýlan futbolçysynyň ― Robert Lewondowskiniň mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

FIFA ýylyň tälimçisi hökmünde «Çelsiniň» baş tälimçisi Tomas Tuheli saýlady.

Arslanmyrat Amanow bu at üçin dalaşgär sanawynyň başyna Roberto Mançinini ýazdy. Ol Hans-Diter Fliki ikinji, Tomas Tuheli bolsa üçünji orunda goýdy.

Aleksandr Werşininiň sanawy şeýle: Josep Guardiola, Lionel Skaloni we Roberto Mançini.