https://turkmensport.com/habarlar/yuwentus-oz-meydanynda-bolonyany-uly-hasap-bilen-yendi/bdfQtSpRGQrhtFS.jpg

Italiýanyň A Seriýasynyň 8-nji tapgyrynyň bir duşuşygy Turin şäherinde geçirildi.

Onda ýerli «Ýuwentus» «Bolonýany» kabul etdi.

Duşuşygyň 24-nji minudynda Filipp Kostiç hasaby açdy. Ikinji ýarymyň ortalarynda bolsa Duşan Wlahowiç hasaby «Ýuwentusyň» peýdasyna 2:0-a çykardy. 62-nji minutda bolsa Arkadiuş Milik «Ýuwentusyň» üçünji pökgüsini geçirip, duşuşygyň ykbalyny kesgitledi.

Şeýlelikde, 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Ýuwentus» utugyny 13-e çykaryp, ýedinji orna göterildi.