https://turkmensport.com/habarlar/yuwentus-neymaryn-transferini-owrenyar/XWcsiSLlBW9iGCc.jpg

Ozal habar berşimiz ýaly, Neýmar PSŽ-den çykyp biler. 

Italýan klubynyň baş tälimçisi Massimiliano Allegriniň topary güýçlendirmek baradaky talabyndan soň, Neýmaryň transferini öwrenýär. Bu barada “Diario Sport” habar berýär.

Neýmaryň toparynda hem onuň transferi barada aladalanýarlar.

“Foot Mercato”-nyň ýazmagyna görä, Katar klubunyň ýolbaşçylary hem, PSŽ-niň futbol boýunça täze geňeşçisi Luis Kampos hem braziliýaly oýunça ynanmaýar.

PSŽ eýýäm Neýmaryň transfer bahasyny kesgitledi, ýöne bu barada heniz resmi maglumat berlenok. Potensial alyjylar oýunçynyň ýyllyk 30 million ýewro aýlygyndan çekinýärler.

30 ýaşly oýunçy geçen möwsümdäki ähli ýaryşlarda PSŽ üçin 28 oýunda 13 gol geçirip, 8 asist berdi.