https://turkmensport.com/habarlar/yurgen-klopp-liwerpulda-dort-durli-kubok-gazanan-ilkinji-talimci-boldy/tZL2CwZehMcktIG.jpg

“Liwerpul” Ýurgen Kloppuň ýolbaşçylygynda Angliýanyň kubogyny aldy.

“Gyzyllar” ýaryşyň finalynda “Çelsini” utdy (0:0, penalti 6:5). 

Nemes hünärmeni klubuň taryhynda Angliýanyň çempionatynda, Çempionlar ligasynda, Angliýanyň kubogynda we liganyň kubogynda ýeňiş gazanan ilkinji tälimçi boldy.

Şeýle hem, Klopp taryhda bir iňlis kluby bilen bu kuboklary gazanan ikinji tälimçi boldy. Ondan öň “Mançester Ýunaýtediň” öňki tälimçisi Aleks Ferguson şeýle üstünlik gazanypdy.

Klopp tälimçi wezipesinde 11 kubok alyp, şolaryň 6-syny “Liwerpulda” gazandy.

Çeşme: Opta Joe

Surat: Google