https://turkmensport.com/habarlar/yokary-liga-2022-yzda-galan-dususyklarda-yer-eyelerinin-rustemligi-goze-ilyar/mFwpJ3PW9xQ2VBE.jpg

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 10 tapgyryň duşuşyklary yzda galdy. Bu duşuşyklar bilen bagly käbir hasaplamalara ünsüňizi çekmek isleýäris.

Dört aýlawdan ybarat boljak möwsümde jemi 112 duşuşyk geçiriler. Şolaryň 35,71 göterimi, ýagny 40-sy geçirildi. Bu duşuşyklaryň 23-si ýer eýeleriniň, 13-si bolsa myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Möwsümde dört duşuşykda taraplar bir utukdan paýlaşdylar.

10 tapgyrda derwezelerden 133 pökgi geçirildi. Şunda uly artykmaçlyk ýer eýesi hökmünde çykyş eden toparlara bagly. Has takygy, yzda galan duşuşyklarda ýer eýeleri 80, myhman toparlar bolsa 53 pökgi geçirdiler. Möwsümde duşuşyk başyna ortaça 3,33 pökgi geçirilip, bu mukdaryň 2-si ýer eýelerine, 1.33-si bolsa myhman toparlara degişlidir.