https://turkmensport.com/habarlar/yokary-liga-2022-su-gun-taze-mowsumde-ilkinji-mary-derbisi-geciriler/sLETtGOrcMQWXsr.jpg

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 30-njy möwsüminde şu gün ilkinji gezek Mary welaýatynyň iki topary biri-biri bilen duşuşar. Has takygy, ozal hem habar berşimiz ýaly, çempionatyň 2-nji tapgyrynyň çäginde «Energetik» «Merwi» kabul eder.

Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçiriljek duşuşyk öýlän sagat 18:00-da başlanar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşykda paýtagtly Akmyrat Gurbanowyň baş emin bolup işlejekdigini habar berdi. Baş emine türkmenabatly R.Ereşow bilen paýtagtly M.Nurberdiýew ýardam berer. Ýerli hünärmen R.Isaýew bolsa duşuşygyň ätiýaçdaky emini bolar. Oýnuň gidişine aşgabatly Ş.Durdyýew gözegçilik eder.

Çempionatyň 2-nji tapgyryna düýn geçirilen «Aşgabat» ― «Köpetdag» (1:2) duşuşygy bilen badalga berlendigini ýatladýarys.