https://turkmensport.com/habarlar/yokary-liga-2022-mowsumin-in-ir-gecirilen-goly-3-nji-tapgyrda-hasaba-alyndy/xY2Xb0RxSpsVCAn.jpg

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 3-nji tapgyrynda möwsümiň iň tiz geçirilen goly hem hasaba alyndy. Heniz möwsümiň tamamlanmagyna 25 tapgyr galan hem bolsa, bu rekord täzelenmese gerek.

Çünki bu gol «Şagadam» ― «Altyn asyr» duşuşygynyň heniz 1-nji minudynda geçirildi. Goly «Şagadamyň» tejribeli ýarymgoragçysy Yhlas Magtymow öz adyna ýazdyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, möwsümde 3 tapgyrda 39 gol geçirilip, olaryň 14-si duşuşyklaryň birinji ýarymynda, 25-si ikinji ýarymynda hasaba alyndy.