https://turkmensport.com/habarlar/yokary-liga-2022-balkanabat-mowsumin-ilkinji-balkan-derbisini-kabul-eder/SR9TIIsC6e0HRGM.jpg

Şu gün Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda Türkmenistanyň futbol çempionaty-2022-niň çägindäki ilkinji Balkan derbisi geçiriler.

Öýlän sagat 18:15-de başlanjak duşuşykda ýerli «Nebitçi» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparyny kabul eder.

Türkmenistanyň futbol federasiýasy duşuşygyň baş emininiň paýtagtly Jumamyrat Jumamyradow boljakdygyny habar berdi.

Umuman, 2-nji tapgyryň derbiler tapgyryna öwrülendigine ünsüňizi çekmek isleýäris. Düýn geçirilen paýtagt derbisinde «Köpetdag» myhmançylykda «Aşgabady» 2:1 hasabynda ýeňdi. Şu gün Mary şäherinde «Energetik» bilen «Merw» güýç synanyşar. Ertir bolsa, tutuş ýurdumyzyň futbol janköýerleri «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasynda boljak Türkmenistan derbisine şaýatlyk ederler.