https://turkmensport.com/habarlar/yokary-liga-2022-altyn-asyram-dal-ahalam-muny-dine-merw-basaryp-gelyar/8i2lqorbymAQ34M.jpg

Marynyň «Merw» futbol topary Ýokary liganyň täze möwsümindäki ýeňişli tapgyryny üç duşuşyga çykardy. Has takygy, topar möwsümiň başyndan bäri üç duşuşykda hem ýeňiş gazanyp gelýär.

Öz janköýerleriniň arasyndaky ilkinji ýeňşini 3-nji tapgyrda gazanan «Merw» ilkinji iki tapgyrda myhmançylykda «Köpetdagy» 1:0, «Energetigi» 2:1 hasabynda ýeňipdi.

«Merw» üç tapgyrda toplan 6 utugy bilen häzir ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Bu ýagdaý toparyň taryhynda birnäçe ýyldan soň ilkinji gezek gabat gelýär.

Häzirlikçe, çempionatda «Merwden» soň «Köpetdagyň» bassyr iki ýeňşi bar. Gyzykly tarapy, «Köpetdag» şu möwsümde diňe «Merwden» ýeňlipdi.