https://turkmensport.com/habarlar/yokary-liga-2022-akmammedow-bilen-durdyyew-mowsumin-ilkinji-het-trikcileri/CjY4nO0uyYs0akH.jpg

«Köpetdagdan» Begenç Akmämmedow bilen «Ahaldan» Didar Durdyýew Ýokary liganyň ýubileý möwsüminde bir duşuşykda üç gezek tapawutlanyp bilen ilkinji futbolçylar boldular. Olaryň ikisi hem bu başarnygy 3-nji tapgyrda görkezdi.

Has takygy, bu tapgyrda «Köpetdag» «Nebitçini» 3:2, «Ahal» bolsa «Energetigi» 8:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyklarda «Köpetdagyň» gollarynyň ählisini, «Ahalyň» gollarynyň bolsa üçüsini ýokarda ady agzalan futbolçylar geçirdi.

Möwsümde heniz bir duşuşykda dört pökgi geçirip bilen futbolçy ýok.