https://turkmensport.com/habarlar/yewropanyn-in-uly-klublary-bellingeme-hyrydar-cykyarlar/uIc78dT8kFgpiKy.jpg

Jud Bellingem indiki tomus «Dortmunddan» çykyp biler.

«The Athletic»-iň habaryna görä, «Liwerpul», «Real Madrid», «Mançester Siti», «Mançester Ýunaýted» we «Çelsi» 19 ýaşly ýarymgoragçyny 2023-nji ýylda transfer etmäge gyzyklanma bildirýärler.

Ýarymgoragçynyň nemes kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli dowam eder. «Dortmund» oňa şertnamanyň möhletini uzaltmagy teklip etmekçi.

Şeýle-de bolsa, Bellingem başga bir kluba geçmek islese, «Dortmund» bu transfer üçin 150 million ýewro talap eder. Şeýlelikde, Jud taryhdaky iň gymmat iňlis futbolçysy bolup biler. Erling Hollanddan tapawutlylykda Bellingemiň şertnamasynyň goýberiş maddasynda transfer bahasy ýokdur.

Ýarymgoragçy 2020-nji ýylda 25+5 million ýewro «Birmingemden» «Borussiýa Dortmunda» geçdi. Bu möwsüm Jud Bundesligada 7 gezek çykyş etdi.