
«Basketnews» neşiri Ýewroliganyň iň köp aýlyk alýan oýunçylarynyň sanawyny neşir etdi. Birinji orny, takmynan, 5 million ýewro alýan «Barselonanyň» hüjümçisi Nikola Mirotiç aldy.
«Hoops Geek»-iň habaryna görä, 10 günlük we ikitaraplaýyn şertnamalary hasaba almasaň, 2021/2022-nji ýyl möwsüminde NBA oýunçylarynyň ortaça aýlygynyň 8,5 million dollar bolandygy çaklanylýar. Salgytlardan soň bu mukdar 4,3 million dollara çenli azalýar.
«Basketnews»-iň habaryna görä, iň köp girdeji gazanýan (Ýewroliga-2022/2023) oýunçylar:
1. Nikola Mirotiç («Barselona») – € 5 mln.
2. Şeýn Larkin («Anadolu Efes») – € 4 mln.
3. Wasilie Misiç («Anadolu Efes») – € 3,3 mln.
4. Skotti Uilbekin («Fenerbahçe») – € 2,4 mln.
5. Nikolo Melli («Milan») – € 2 mln.
6. Maýk Jeýms («Monako») – € 2 mln.
7. Uill Klaýbern («Anadolu Efes») – € 2 mln.
8. Nik Kalates («Fenerbahçe») – € 2 mln.
9. Edi Tawareş («Real») – € 2 mln.