https://turkmensport.com/habarlar/yetginjeklerin-arasynda-agyr-atletika-boyunca-yas-olimpiyacylary-tayyarlayys-mekdebinin-acyk-birinjiligi-gecirildi/J06eaQG31U19srh.jpg

Go­laý­da 2005—2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da dog­lan ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň «Olimp» or­ta sport mek­de­bi­niň hem-de Ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taýýar­la­ýyş mek­de­bi­niň agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça açyk bi­rin­ji­li­gi gu­ral­dy. Bu barada "Türkmen sporty" gazeti habar berdi.

Ag­ram de­re­je­le­riň 9-sy bo­ýun­ça gu­ra­lan ýa­ryş diý­seň çe­ke­le­şik­li geç­di. Bäs­le­şi­ge spor­tuň şu gör­nü­şi bo­ýun­ça bär­ha kä­mil­leş­ýän ýet­ginjek­le­riň en­çe­me­si gat­naş­dy. 38 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de «Olimp» or­ta sport mek­de­bin­den Ata­bek Aza­ma­tow iň go­wy ne­ti­jä­ni gör­kez­di. Şol mek­dep­de bi­lim al­ýan ýet­gin­jek Re­sul Gaý­ly­ýew 41 ki­log­ram ag­ram­da iň agyr ag­ra­my gal­dyr­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di.

Ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýyş mek­de­bin­de oka­ýanDa­wut Ka­kagel­di­ýew 49 kg-de gar­şy­daş­la­ry­nyň äh­li­si­ni ah­myr­da goý­ma­gy ba­şar­dy. 55 kg ag­ram­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýan sport mek­dep in­ter­na­tyn­dan Şatlyk Gur­ban­my­ra­dow ýeň­şi el­den ber­me­di. 61 kg-de «Olimp» or­ta sport mek­de­bi­niň ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da­ky hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ne­tije­li çy­kyş et­me­gi ba­şar­an okuw­çy­sy Per­hat Bag­ty­ýa­row ýe­ňiş ga­zan­dy. 67 kg-de hem şol mek­dep­den Ýusup Ga­ra­ha­now hor­mat mün­be­riniň iň ýo­kar­ky bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýyş mek­de­bi­niň okuw­çy­syNow­ruz Alla­ber­ge­now 73 kg-de hem­me­ler­den rüs­tem çyk­dy. 81 kg ag­ram­da ýe­ňiş «Olimp» or­ta sport mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry­nyň ta­ra­pyn­da bol­dy. Bu ag­ram­da Sol­tan Ja­fa­row ta­pawut­lan­dy. Paý­tag­ty­my­zyň 6-njy sport mek­de­bi­niň okuw­çy­sy Ba­tyr Ara­zow bol­sa 89 kg-de ýe­ňi­ji diý­lip yglan edildi.