https://turkmensport.com/habarlar/yenis-neymara-agyr-dusdi/6IQKD2GCB1xNZLL.jpg

Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmar dünýä çempionatynyň birinji tapgyrynda Serbiýa bilen geçirilen duşuşykda ezýet baryny gördi.

Serbiýay futbolçylar duşuşykda Neýmaryň garşysyna jemi 9 gezek oýnuň düzgünini bozdular. Futbolçy şolaryň birinde şikes alyp, 80-nji minutda meýdany terk etmäge mejbur boldy.

2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda geçiren bäş duşuşygynda bolsa Neýmara garşy jemi 26 gezek oýnuň düzgüni bozulypdy.

Çeşme: marca.com