https://turkmensport.com/habarlar/yene-sol-bir-final-ahal-sagadam/7BKXP2ZQe1zuWvP.jpg

Ýarym finalyň 22-nji we 23-nji noýabrda geçirilen jogap duşuşyklaryndan soňra futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalçylary belli boldy.

Ilkinji duşuşykda öz meýdanynda «Aşgabady» 3:0 hasabynda ýeňen «Şagadam» 22-nji noýabr güni myhmançylykda güýçli garşydaşy bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, adyny finala ýazdyran ilkinji topar boldy. Şol günüň ertirligi «Ahal» bilen «Altyn asyryň» arasynda geçirilen duşuşykda hasap açylmady. Şeýlelikde, birinji duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Ahal» şol artykmaçlygy bilen final duşuşygynda «Şagadamyň» garşydaşy boldy.

«Şagadam» hem-de «Ahal» futbol toparlarynyň arasyndaky final duşuşygy Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ― 11-nji dekabrda geçiriler.

Başga bir gyzykly maglumat bolsa, bu toparlaryň bassyr iki ýyl bäri ýaryşyň finalyna çenli üstünlikli gelip ýetmegidir. Has takygy, geçen ýyl hem final duşuşygy «Şagadam» bilen «Ahalyň» arasynda geçirilip, şonda Türkmenbaşy şäheriniň topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy we Türkmenistanyň kubogynyň eýesi bolupdy.

Şu ýyl «Ahal» taryhynda dördünji gezek Kubogyň eýesi bolmak üçin göreşer. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hemaýatkärligindäki topar mundan ozal 2013-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň kubogynyň eýesi bolupdy. «Şagadam» bolsa taryhyndaky bäşinji finalyna gatnaşar. Ozalky dört finalyň ikisinde (2007-nji ýyl we 2021-nji ýyl) arzyly Kubogyň eýesi bolan «kenarlylar» 2002-nji we 2005-nji ýyllarda garşydaşlaryndan asgyn gelipdiler.

Türkmenistanyň kubogyna eýe bolan toparyň AFK-nyň kubogynyň 2023/2024-nji ýyllardaky möwsüminde toparçalaýyn ýaryşa gatnaşmak hukugyny gazanýandygyny ýatladýarys. Ýurdumyzyň yklymyň klublaýyn reýtingindäki orny milli çempionatymyzyň ýeňijisine AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn ýaryşyna, kümüş medalyň eýesine AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyry üçin saýlama duşuşyklara gatnaşmak hukugyny berýär. Eger Türkmenistanyň çempiony we Kubogyň eýesi şol bir topar bolsa, onda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çempionatyň kümüş medalynyň eýesi gatnaşyp, üçünji orun eýelän topar bu ýaryşyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 1992-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýändigini ýatladýarys. Aşgabadyň «Köpetdag» futbol topary onuň ýedi gezek ýeňijisi bolup, milli rekordy öz elinde saklaýar.