https://turkmensport.com/habarlar/yemelyanenkonyn-garsydasy-malim-bolyar/BseWkxUYVhDPNe7.jpg

Bellatoryň mälim edişine görä, Fýodor Ýemelýanenkonyň karýerasyndaky ahyrky garşydaşy amerikaly Raýan Beýder bolar.

«Häzirlikçe, Beýder bu tutluşyk üçin iň mynasyp we ýakyn dalaşgär. Anderson Silwa bilen bolsa bu barada hiç hili gepleşik geçirmedik» diýip, gurama habar berdi.

Ýemelýanenko karýerasynda 47 tutluşyk geçirip, şolaryň 40-synda ýeňiş gazandy. Galan duşuşyklaryň altysynda Fýodor ýeňlen bolsa, biri netijesiz diýlip hasap edildi.

Ýemelýanenko ahyrky tutluşygyny geçen ýylyň oktýabr aýynda Belllator 269-yň çäginde geçiripdi we Timoti Jonsony tehniki nokaut bilen ýeňipdi.