https://turkmensport.com/habarlar/yemelyanenko-bellatoryn-uclugine-girdi/qE7POpj7ZgEKVpH.jpg

Rus pälwany Fýodor Ýemelýanenko "Bellator"-yň täzelenen reýtinginde bir setir ýokary galyp, guramanyň iň agyr agramynyň üçlügine girdi.

Ozal Ýemelýanenko 4-nji ýerdedi. Ýöne Raýan Beýder Kongo Çikden üstün çykansoň, Kongo 2-nji ornuny ýitirdi.

Reýtingde birinji ýeri Walentin Moldawskiý, ikinji orny Linton Wassell eýeleýär.

Çeşme: Twitter

Surat: kommersant