https://turkmensport.com/habarlar/ycl-bawariya-realyn-rekordyny-tazeledi/2Kmos8Iq5Jk6UIK.jpg

Çempionlar ligasynyň toparçasynda «Bawariýa» ýeňilmedik tapgyryny uzaltdy.

Ýulian Nagelsmanyň topary «Wiktoriany» 5:0 hasabynda utdy.

Gollar:

1:0 – 7 Sane, 2:0 – 13 Gnabri, 3:0 – 21 Mane, 4:0 – 50 Sane, 5:0 – 59 Şupo-Moting.

Nemes topary soňky gezek Çempionlar ligasynyň toparçasynda 2017-nji ýylda utuldy. Şondan bäri topar 28 ýeňiş we 3 deňlik gazandy. Mundan başga-da, bu oýunlaryň hemmesinde «Bawariýa» gol geçirmegi başardy.

Toparçada ýeňilmezden yzly-yzyna 31 oýun — bu Çempionlar ligasynyň rekordydyr. Öňki rekord eýesi 2012-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli 30 oýunda utulmadyk «Real Madriddi».

Çempionlar ligasyndaky indiki duşuşygynda «Bawariýa» ýene «Wiktoriýa» bilen oýnar. Duşuşyk 12-nji oktýabrda bolar.