https://turkmensport.com/habarlar/ycl-barselona-interden-utuldy/Li3YE7sQ2PubTL9.jpg

«Barselona» Hawiniň ýolbaşçylygynda Çempionlar ligasynyň ýene bir gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Kataloniýalylar ýaryşyň toparçasynyň 3-nji tapgyrynda «Interden» (0:1) utuldy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Çalhanogly (45+2) geçirdi.

Hawiniň döwründe, 2021-nji ýylyň 23-nji noýabryndan bäri «Barselona» Çempionlar ligasynda bäş gezek oýnady. Bu döwürde topar üç ýeňlişe sezewar boldy (ikisi «Bawariýadan», biri «Interden»), «Benfika» bilen deňme-deň oýnap, «Wiktoriýany» utdy.

«Barselonanyň» Çempionlar ligasyndaky indiki oýny 12-nji oktýabrda — ýene-de milanlylara garşy bolar.