https://turkmensport.com/habarlar/yazguly-hojageldiyew-ilkinji-oyunda-yenis-gazanyp-uc-utuk-almak-isleyaris/PuCoeJrseamrkB8.jpg

Ertir, 24-nji iýunda “Altyn Asyr” AFK-nyň Kubogy – 2022-niň toparçalaýyn bäsleşigindäki çykyşlaryna başlar. Topar Merkezi Aziýa sebitiniň “E” toparçasynda Täjigistanyň “SSKA-Pamirine” garşy oýnar.

Duşenbe şäherinde geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar. 

Şu gün, 23-nji iýunda AFK-nyň resmi web sahypasynda Ýazguly Hojageldiýewiň: “Ilkinji oýunda ýeňiş gazanyp, üç utuk almak isleýäris...

...Bu ýerde haýsydyr bir toparyň faworitdigini aýdyp biljek däl. Biz ähli zady başdan başladyk we bu ýagdaý her bir topar üçin birmeňzeşdir.

...Hawa, bu ýaryşda biziň ozaldan tejribämiz bar, ýöne ilkinji oýun hemmeler üçin iň kyny bolar. Ilkinji oýunda üç utuga garaşýarys, galanynam görübereris...” diýen sözleri paýlaşyldy.