https://turkmensport.com/habarlar/yaslaryn-arasynda-turkmenistanyn-birinjiligine-badalga-berler/5tFLruO3DqoRSgX.jpg

7-nji awgustda Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi badalga alar.

Toparlaryň sekizisiniň gatnaşmagynda geçiriljek ýaşlar çempionaty iki aýlawdan ybarat bolar diýip federasiýanyň resmi saýtynda bellendi.

Ýeri gelende aýtsak, geçen möwsüm ýaşlaryň arasyndaky birinjilik paýtagtymyzyň “Altyn Asyr II” toparynyň bassyr üçünji ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Bellik: Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar (U20) ýygyndysynyň 2022-nji ýylyň 10-18-nji sentýabry aralygynda Aziýa kubogy-2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşýandygy we bu ýaryşa taýýarlyk görýändigi sebäpli, birinjiligiň V, VI we VII tapgyrlary başga möhletlere geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ BIRINJILIGINE GATNAŞÝAN FUTBOL TOPARLARY:

1. “Altyn Asyr-II” futbol topary Aşgabat şäheri;

2. “Ahal-II” futbol topary Ahal welaýatynyň Änew şäheri;

3. “Şagadam-II” futbol topary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri;

4. “Köpetdag-II” futbol topary Aşgabat şäheri;

5. “Merw-II” futbol topary Mary welaýatynyň Mary şäheri;

6. “Aşgabat-II” futbol topary Aşgabat şäheri;

7. “Nebitçi-II” futbol topary Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri;

8. “Energetik-II” futbol topary Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesi.

1-nji aýlaw

I tapgyr:

Oýun 1. 7-nji awgust (ýe.) “Altyn Asyr-II” – “Energetik-II”

Oýun 2. 7-nji awgust (ýe.) “Ahal-II” – “Nebitçi-II”

Oýun 3. 7-nji awgust (ýe.) “Şagadam-II” – “Aşgabat-II”

Oýun 4. 7-nji awgust (ýe.) “Köpetdag-II” – “Merw-II”

II tapgyr:

Oýun 5. 14-nji awgust (ýe.) “Aşgabat-II”– “Köpetdag-II”

Oýun 6. 14-nji awgust (ýe.) “Energetik-II” – “Merw-II”

Oýun 7. 14-nji awgust (ýe.) “Nebitçi-II” – “Şagadam-II”

Oýun 8. 14-nji awgust (ýe.) “Altyn Asyr-II” – “Ahal-II”

III tapgyr:

Oýun 9. 20-nji awgust (şe.) “Köpetdag-II” – “Nebitçi-II”

Oýun 10. 20-nji awgust (şe.) “Ahal-II” – “Energetik-II”

Oýun 11. 20-nji awgust (şe.) “Şagadam-II” – “Altyn Asyr-II”

Oýun 12. 20-nji awgust (şe.) “Merw-II” – “Aşgabat-II”

IV tapgyr:

Oýun 13. 28-nji awgust (ýe.) “Energetik-II” – “Aşgabat-II”

Oýun 14. 28-nji awgust (ýe.) “Nebitçi-II” – “Merw-II”

Oýun 15. 28-nji awgust (ýe.) “Ahal-II” – “Şagadam-II”

Oýun 16. 28-nji awgust (ýe.) “Altyn Asyr-II” – “Köpetdag-II”