https://turkmensport.com/habarlar/yarym-finallarda-nadurs-penaltiler-yatda-galdy/fyqyH1BS2ksxnqw.jpg

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň jogap duşuşyklarynda nädürs ýerine ýetirilen 11 metrlik jerime urgulary aýratyn yz goýdy. Janköýerler şeýle şowsuzlyga duşuşyklaryň ikisinde-de şaýat boldular.

Täsin tarapy - bu jerime urgularynyň ikisi hem goşmaça minutlarda berildi.

22-nji noýabrda geçirilen «Aşgabat» ― «Şagadam» (2:2) duşuşygynyň 90+3-nji minudynda «Şagadamyň» futbolçysy Ýunus Orazmämmedow baş emin Akmyrat Gurbanowyň «Aşgabadyň» derwezesine bellän 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi. Ýöne bu urgy dürs bolaýanda hem hiç zat üýtgemezdi. «Şagadam» barybir finala çykardy. 

«Ahal» bilen «Altyn asyryň» arasyndaky duşuşygyň 90+6-njy minutynda hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew hem 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi.