https://turkmensport.com/habarlar/winisius-karyerasynda-muny-ilkinji-gezek-basardy/6EHR2xUAHzPdy1j.jpg

«Realyň» hüjümçisi Winisius Junior La Liganyň 36-njy tapgyrynda «Lewante» bilen duşuşykda (6:0) üç gezek tapawutlandy. Bu futbolçynyň professional karýerasyndaky ilkinji het-trigidir.

21 ýaşly braziliýaly hüjümçi diňe munuň bilenem çäklenmän, eýsem, Karim Benzemanyň geçiren goluna ýardam pasyny hem berdi.

Winisius şu möwsümde «Realyň» düzüminde 50 duşuşyga çykdy we şolarda 21 gezek tapawutlanyp, 15 goluň tora salynmagyna ýardam etdi.

Çempionlygyny möhletinden ozal yglan eden «Real» 6:0 hasabyndaky ýeňişden soňra utuk sanyny 84-e ýetirdi. 29 utuk toplan «Lewante» ýaryş tertibiniň iň soňky ― 20-nji basgançagyndadyr.

Çeşme we surat: championat.com