https://turkmensport.com/habarlar/wideobloger-anderson-silwadan-ustun-geldi/ifShDqP49pFh0Us.jpg

Arizona ştatynyň Glendale şäherinde geçirilen boks agşamy tamamlandy. Agşamyň esasy wakasy wideobloger Jeýk Pol bilen Anderson Silwanyň arasyndaky gapma-garşylyk boldy.

Netijede Pol eminleriň biragyzdan kararlary bilen (77-74, 78-73, 78-73) ýeňiş gazandy. Soňky raundda Silwanyň nokdaun ýagdaýyna düşendigini bellemelidiris.