https://turkmensport.com/habarlar/usik-iki-yylda-bas-esse-bayady/aznlJ7xdmYV7jds.jpg

Ispaniýanyň «Marca» neşiri «Sportekz»-e salgylanyp, WBA, WBO we IBF agyr agramynyň çempiony Aleksandr Usigiň professional karýerasynda näçeräk gazanandygyny habar berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, iki ýyl ozal ukrain boksçusynyň baýlygy 4 million dollar diýlip çaklanylýardy. Entoni Joşuadan gazanan ilkinji ýeňşi Usige 13 million dollar getirdi. Ikinji tutluşykdan soň boksçynyň baýlygy 52 million dollara ýetdi.

Bu mukdar diňe Usigiň ringdäki çykyşlary üçin alan kepillendirilen tölegleridigini ýatladýarys.