https://turkmensport.com/habarlar/urugway-we-gunorta-koreya-dususygy-tasin-netije-bilen-tamamlandy/G77hBhpQGeSqMK9.jpg

FIFA-nyň habaryna görä, Urugwaý we Günorta Koreýanyň milli ýygyndylary 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda derwezä garşy ýekeje-de dürs urgy geçirmediler.

Umuman alanyňda, Günorta Amerikanyň topary 10 urgy, Aziýa topary bolsa 6 urgy gazandy. Oýun 0:0 hasabynda tamamlandy.

«Gracenote Sports»-yň habaryna görä, XXI asyrda geçirilen dünýä çempionatlarynda şu güne çenli derwezä dürs nyşana alynmadyk oýunlar bolmady.

«WhoScored» we «Opta Analyst» statistikasynda bolsa Urugwaý tarapyndan nyşana bir urgynyň dürs geçirilendigi barada hasabat bar.

Çeşme: fifa.com