https://turkmensport.com/habarlar/ufc-nin-yene-bir-yyldyzy-karyerasyny-tamamlady/THFeoCglwudevuG.jpg

Rowaýata öwrülen MMA türgeni we UFC-niň pälwany Joze Aldo guramadan çykdy we professional karýerasyny tamamlady.

Bu barada «Combate» portaly habar berýär. Aldo şertnamany ýatyrmak isleýändigi barada gurama habar berdi, UFC bu haýyşy ýerine ýetirdi.

Aldo professional MMA-da 39 tutluşyk geçirip, 31 gezek ýeňiş gazandy. Ol 2009-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli WEC/UFC ýeňil agramdaky guşagyny özünde saklady.