https://turkmensport.com/habarlar/ufc-nin-san-sohrat-zalyna-taze-wekil-kabul-edildi/Hq1KRk0D22nl6R0.jpg

UFC 274-üň esasy kardyndan orun alan Maýkl Çendler - Toni Ferguson tutluşygyndan soň, ady rowaýata öwrülen pälwan Daniel Kormieri Şöhratlar zalyna kabul etmek çäresi geçirildi.

Daniel ýarym agyr we agyr agram derejelerinde UFC-niň çempionydyr. Ol karýerasynda 10 gezek çempionlygyny yglan etdi. Ilkinji tutluşygyny 2013-nji ýylda geçiren Kormier 25 tutluşyk geçirip, şolaryň 22-sinde ýeňiş gazandy.

Çeşme we surat: Olamsport.com