https://turkmensport.com/habarlar/ufc-277-pawlowic-nokautcyny-nokaut-bilen-yendi/U0tDf73ZmIhsXAv.jpg

Super agyr agram derejesinde esasy karda girizilen russiýaly 30 ýaşly pälwan Sergeý Pawlowiç bilen amerikaly 37 ýaşly pälwan Derrik Lýuisiň arasyndaky tutluşyk hem tehniki nokaut bilen tamamlandy.

Tutluşygyň öňüsyrasynda Derrigiň ýeňşine ynanylýardy. Çünki ol nokautlarynyň sany boýunça guramanyň rekordçysydyr. Ol karýerasynda geçiren 27 tutluşygyň 21-sinde garşydaşlaryny wagtyndan ozal ýeňipdi. Bu gün bolsa, heniz birinji döwde onuň özi «uka» sezewar boldy.

Emin Pawlowiçiň güýçli urgularyndan soň tutluşygy saklady. Bu bolsa Derrigiň garşylygyna sebäp boldy. Ol heniz tutluşygy dowam etdirmek isleýärdi. Ýöne emin pikirini üýtgetmedi. Şeýlelikde, Sergeý bassyr dördünji tutluşygyny tehniki nokaut bilen tamamlady. Ol öz agram derejesiniň täzelenjek sanawynda hem, karýerasynda ilkinji gezek öňdäki 10-luga girer.