https://turkmensport.com/habarlar/ufc-17-yasly-turgen-bilen-sertnama-baglasdy/2sIAwee0Y12camN.jpg

Amerikaly Raul Rosas Absolýut göreş çempionaty (UFC) bilen şertnama baglaşdy. Oňa bu mümkinçilik saýlama tapgyrda gazanan ýeňşinden soň döredildi. Şeýlelikde, Rosas guramanyň iň ýaş wekili hökmünde taryha girdi.

Bary-ýogy 17 ýaşly Rosas Junior 25 ýaşly watandaşy Mando Gutýerresi ýeňdi. Bu ýeňişden soň prezident Dana Uaýt oňa şertnama hödürledi.

Rosas Junior professional karýerasynda alty ýeňiş gazanyp, bir gezek ýeňildi.