https://turkmensport.com/habarlar/uefa-nyn-milletler-ligasynda-toparcalayyn-tapgyr-tamamlandy/XfbAuhiHpRpKf8I.jpg

UEFA-nyň Milletler ligasynda toparçalaýyn duşuşyklar tamamlandy. Eýsem, ýaryşda haýsy ýygyndylar final bölegine gatnaşar, haýsy ýygyndylar ýokary liga, haýsysy aşak düşdi? Bu sowallara şu habarymyzda jogap bermegi makul bildik.

                                                                                                                                               «A» ligasy

«A» ligasynda Horwatiýanyň (1-nji toparça, 13 utuk), Ispaniýanyň (2, 11), Italiýanyň (3, 11) we Niderlandlaryň (4, 16) milli ýygyndylary öz toparçalarynda birinji orny eýeläp, ýaryşyň final tapgyryna çykmaga hukuk gazandylar. Ýarym final duşuşyklary 2023-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda, üçünji orun ugrundaky we final duşuşyklary bolsa 18-nji iýunynda geçiriler. Ýaryşyň final tapgyrynyň ähli duşuşyklaryny Niderlandlarda geçirmek meýilleşdirilýär.

«A» ligasynda Awstriýanyň (1-nji toparça, 4 utuk), Çehiýanyň (2, 4), Angliýanyň (3, 3), Uelsiň (4, 1) ýygyndylary toparçalarynda iň soňky orny eýeläp, indiki ýaryşda «B» liga düşdüler.

                                                                                                                                               «B» ligasy

«B» ligasynyň 1-nji toparynda Şotlandiýanyň ýygyndysy 13 utuk bilen birinji orny eýeläp, indiki ýaryşda «A» ligada göreş alyp barmaga hukuk gazandy. Bu toparça iň soňky orny eýelän Ermenistanyň ýygyndysy (3 utuk) «C» liga düşdi.

2-nji toparçada dört duşuşykda 8 utuk toplan Ysraýylyň ýygyndysyna taý tapylmady. Ýygyndy indiki ýaryşda «A» liga wekilçilik eder. Ýaryşdan çykarylan Russiýanyň ýygyndysy bolsa şol bir wagtda «C» liga düşürildi.

6 duşuşykda 11 utuk toplap bilen Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy 3-nji toparçanyň ýeňijisi boldy. Ýygyndy indiki ýaryşda «A» ligada göreşer. Rumyniýanyň ýygyndysy toparçada iň soňky orny eýeläp (7 utuk), «C» liga düşdi.

4-nji toparçanyň duşuşyklary 6 duşuşykda 13 utuk gazanan Serbiýanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy. 4 utukly Şwesiýa bolsa «C» liga düşdi.

«C» ligasy

6 duşuşykda 13 utuk toplan Türkiýäniň ýygyndysy ýene-de «B» liga gaýdyp barmaga hukuk gazandy. 1-nji toparçada dördünji orny Litwanyň ýygyndysy eýeledi (1 utuk).

2-nji toparça 15 utuk toplan Gresiýanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Indiki ýaryşda grekleri «B» ligasynda göreris. Toparçada soňky orny 5 utuk bilen ýaryşy jemlän Kipr eýeledi.

Gazagystan 13 utuk bilen 3-nji toparçanyň ýeňijisi boldy. Bu toparçada iň soňky orny eýelän ýygyndy bolsa, 6 duşuşykda diňe 3 utuk toplan Belarusyň ýygyndysydyr.

4-nji toparçada 16 utukly Gruziýa ýeňiji bolup, «B» ligasyna çykmaga hukuk gazandy. Toparçada iň soňky orny Gibraltaryň ýygyndysy eýeledi.

«C» ligadan «D» liga diňe iki ýygyndy düşer. Şonuň üçin toparçalarda dördünji orny eýelän ýygyndylar 2023-nji ýylyň 21-26-njy marty aralygynda saýlama duşuşyklaryny geçirerler. Bu duşuşyklar Gibraltar bilen Kipriň, Litwa bilen Belarusyň arasynda bolar. Ýeňiji bolan ýygyndylar indiki ýaryşda hem «C» ligasynda galar. Utulanlar bolsa «D» ligasyna düşüriler.

«D» ligasy

Jemi 7 ýygyndydan ybarat bolan «D» ligasynda iki toparça döredildi. Latwiýanyň ýygyndysy 6 duşuşykda 13 utuk toplap, 1-nji toparçanyň ýeňijisi boldy we «C» ligasyna çykmaga hukuk gazandy. 2-nji toparçada bolsa beýle üstünlik 4 duşuşykda 12 utuk toplan Estoniýanyň ýygyndysyna başartdy.