https://turkmensport.com/habarlar/tyl-kopetdag-2-nji-tapgyrda-iki-gol-bilen-yenis-gazandy/mz63AGAUh4IVSvk.jpg

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň çäginde şu gün — 5-nji awgustda bir duşuşyk geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» «Köpetdagy» kabul etdi. Bu duşuşykda netijeli çykyş eden «Köpetdag» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Begenç Akmämmedow iki topy öz adyna ýazdyrdy. «Aşgabadyň» düzüminde Şatlyk Gurbanow tapawutlandy diýip, TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýlelikde, «Köpetdag» çempionatdaky ilkinji üç utugyny toplamagy başardy. «Aşgabat» geçiren iki duşuşygynda hem ýeňlişe sezewar boldy.

Futbol çempionatymyzyň ikinji tapgyry 6-7-nji awgustda dowam edip, onda «Energetik» — «Merw», «Nebitçi» — «Şagadam» hem-de «Altyn Asyr» — «Ahal» toparlary duşuşarlar.