https://turkmensport.com/habarlar/turkmensport-gyrgyzystan-russiya-dususygyny-onlayn-gorkezer/i2fS80LzxIkKfhw.jpg

Saýtymyzyň «Online TV» bölüminde Russiýanyň futbol ýygyndysynyň ýoldaşlyk duşuşygyna göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

Russiýanyň «Матч ТВ» teleýaýlymynyň baş prodýusseri Aleksandr Taşin özüniň «Telegram» kanalynda ýurduň ýygyndysynyň Bişkek şäherinde Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen geçirjek duşuşygynyň göni ýaýlymda alnyp beriljekdigini habar berdi.

Duşuşyk ertir ― 24-nji sentýabrda 18 müň orunlyk Dolen Omuruzakow adyndaky stadionda geçiriler.

Biziň saýtymyzyň «Online TV» bölüminde «Матч ТВ» teleýaýlymy bilen baglanyşygyň gurlandygyny ýatladýarys.