https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanyn-yetginjekler-yygyndysy-aziyanyn-kubogyna-2023-in-saylama-tapgyryna-yenis-bilen-girisdi/mmK6o6sWW7lGOFR.jpg

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U17) Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyryndaky birinji duşuşygynda Filippinleriň ýygyndy toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Birinji tapgyryň beýleki duşuşygynda Iordaniýanyň hem-de Siriýanyň ýetginjekler ýygyndylary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Saýlama tapgyryň «A» toparçasynyň merkezleşdirilen görnüşde, Iordaniýanyň Zarka şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Bu toparçada biziň ýygyndymyzdan başga-da Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Filippinleriň hem-de Siriýanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň çykyş edýändiklerini ýatladýarys.

Ýetginjeklerden düzülen ýygyndy toparlaryň (U17) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2023-nji ýylda Bahreýnde geçiriler. Yklym ýaryşynyň final tapgyrynda saýlama ýaryşyndaky toparçalaryň 10-synyň ýeňijileri bilen ikinji ýer alan ýygyndylaryň iň gowy netije görkezenleriniň bäşisi çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Bahreýniň ýygyndysy ýer eýesi hökmünde yklym ýaryşynyň final tapgyryna göni gatnaşar.