https://turkmensport.com/habarlar/turkmenistanyn-u-17-yygyndysy-ikinji-dususygynda-hem-utuk-gazandy/D2B3BIz1XjLiBBR.jpg

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U17) Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynda ikinji duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Siriýanyň ýetginjekler ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde oýnuň 65-nji minudynda Denis Titow tapawutlandy. Oýun gününiň ikinji duşuşygynda Ýaponiýanyň ýygyndy topary filippinli garşydaşlarynyň derwezesinden jogapsyz toplaryň üçüsini geçirmegi başardy.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz saýlama tapgyryň birinji duşuşygynda Filippinleriň ýygyndy toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 4 utuk toplan ýetginjekler ýygyndymyz çykyş edýän toparçasynda birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde, Ýaponiýanyň (3 utuk) hem-de Siriýanyň (2 utuk) ýygyndy toparlary eýeleýärler.

Saýlama tapgyrynda «A» toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşde, Iordaniýanyň Zarka şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Bu toparçada ýygyndy toparymyzdan başga-da Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Filippinleriň hem-de Siriýanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň çykyş edýändiklerini ýatladýarys.

Ýetginjeklerden düzülen ýygyndy toparlaryň (U17) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2023-nji ýylda geçiriler. Yklym ýaryşynyň final tapgyryna saýlama ýaryşyndaky toparçalaryň 10-synyň ýeňijileri bilen ikinji ýer alan ýygyndylaryň iň gowy netije görkezenleriniň bäşisi çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.